HABARLAR

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer «Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hem-de Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurtda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak maksady bilen, «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine satylmagy bellenen degişli söwda dükanlaryny, restorany we söwda öýüni olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ugry dabaralanýar

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň ilkinji hepdeleri «Açyk gapylar» syýasatynyň we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň birnäçe möhüm ugurlarynyň we ägirt uly meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini äşgär etdi. Geçen hepdede Hazar deňzinde iri «Dostluk» käninde uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça täze, giň möçberli taslamanyň ýakyn wagtda azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylmagyna badalga bermek çäresi boldy. 21-nji ýanwarda Aşgabatda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Halk bähbitli beýik işler

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň taslamalaryna hem garaldy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Mejlisiň Başlygynyň, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň hasabatyny diňläp, şol hasabatlaryň her biri boýunça ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 22-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer «Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hem-de Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistan — Azerbaýjan: gatnaşyklar ösdürilýär

Öňňin türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi.

Energetika hyzmatdaşlygynda möhüm tapgyr

21-nji ýanwarda paýtagtymyzda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşinde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Azerbaýjanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny nygtady.

Dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge taýýarlyk

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenilen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimizi Olimpiýa şäherçesinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar, jemgyýetçilik guramalary ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

Goňşuçylyk ýörelgeleriniň täze derejesiniň aýdyň sahypasy

21-nji ýanwarda türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär. Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi.