Aşgabat — binagärlik mekany

20 Ýanwar 2021
1520

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerini düýpli döwrebaplaşdyrmak işiniň we tutuş türkmen topragyny gurşap alan oňyn özgertmeleriň başyny başlady. Bu çäreler häzirki döwürde anyk netije berýär. Şeýlelikde, dünýä ýurtlarynyň halklary Türkmenistanda bolup geçýän özgertmeleri uly gyzyklanma bilen synlaýarlar we olara ýokary baha berýärler. Ähli özgertmeleriň gözbaşynda bolsa ak mermerli paýtagtymyz durýar. Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ýokary netije berýändigine her ädimde gabat gelýäris. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpli özgerdi. Ol sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi.

Milli Liderimiz diňe bir iri hem-de ähmiýetli gurluşyk taslamalaryny öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny berk gözegçilikde saklaýar. Munuň özi binalaryň bezeg işlerinden başlap, olaryň tehniki üpjünçiligine, desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyna hem-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine çenli ähli tapgyrlary öz içine alýar.

Ýörite habarçymyz.