HABARLAR

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi.

Möhüm meseleler üns merkezinde

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat bilen çykyş etdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

Parahatçylyk nury bütin dünýä ýaýyldy

Mälim bolşy ýaly, 29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Onda Türkmenistanyň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy döretmek ugrunda amala aşyrýan işleriniň aýratyn uly ähmiýete eýedigi nygtaldy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna resmi taýdan badalga berildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk döredijilik kuwwatyna berilýän ýokary bahadyr. Türkmenistanyň daşary syýasatynda parahatçylyga we ynanyşmaga aýratyn möhüm orun degişlidir. Bu düşünjeler özara bähbitli hyzmatdaşlygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin iňňän zerur bolup durýan möhüm şertlerdir. Munuň hut şeýledigini türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy mynasybetli guralan dabarada çykyş edenler anyk delilleriň üsti bilen subut etdiler. Oňa daşary ýurtly diplomatlar, ýurdumyzda işleýän abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri

Toý-baýramly Aşgabat

Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Bu ýerde şäher ilaty ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän amatlyklar, oňyn şertler bilen üpjün edilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda tutuş etraplar, onuň taryhy merkezi döwrebaplaşdyryldy. Täze ýaşaýyş jaý toplumlary emele geldi. Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän ýüzlerçe ymaratlar bina edildi. Köpsanly binalar halkara derejesinde geçirilýän binagärlik bäsleşikleriniň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy. Munuň özi ak mermerli paýtagtymyzyň ösüşinde gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny berkidýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Maksada okgunly işler durnukly ösüşiň berk binýadydyr

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlisiň Başlygyna söz berdi. Degişli ulgamlaryň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde ýurdumyzda harytlaryň gelip çykan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirmek boýunça geçirilen işler, «2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüminde maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölümini açmak boýunça ýerine ýetirilýän işler, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, azyk we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň 2021 — 2025-nji ýyllar üç

Möhüm ugurlarda derwaýys çözgütler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaralanýan ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli ugurlarda gülläp-ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň 29-njy ýanwarda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde hem döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň netijeleri we meýilnamalary, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hem-de şu ýylyň şygarynyň, türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy girizildi.

Milli kanunçylyk kämilleşdirilýär

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri işjeňleşdirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüler Gahryman Arkadagymyz döwletiň we jemgyýetiň işiniň ähli ugurlaryny üstünlikli kämilleşdirmäge, dünýädäki täzelikleri, ylmyň häzirki zaman gazananlaryny nazarlamak bilen, olary işjeň ösdürmäge ýardam edýän täze kanunçylyk resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işi ilerletmegiň möhümdigini hemişe üns merkezinde saklaýar. Kabul edilen kanunçylyk resminamalary, halkara ülňülerini hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň anyk ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, milli kanunçylyk kämilleşdirilýär. Şunda halkara derejesinde toplanan tejribelerden we ata-baba dowam edip gelýän milli däp-dessurlarymyzdan, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzdan ugur alynýar.

Resmi habarlar

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has--da pugtalandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, Türkmenistanda olimpiýa hereketini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara tennis federasiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda çykaran 1539-njy Karary esasynda 2020-nji ýylyň 8 — 15-nji iýuny aralygynda geçirilmegi bellenen Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyryny 2021-nji ýylyň 6 — 12-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda agzalan Karara laýyklykda geçirmäge ygtyýar berildi. ***

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi.

Türkmenistan ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary hasaba almak işini dowam edýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça öňdengörüjilikli syýasaty bu pudagy dünýäniň ösen derejesine çykardy. Halkyň saglygynyň berkidilmegine, ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmäge gönükdirilen çäreleriň pugta binýady döredildi. Türkmenistanyň kanunçylygyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak babatda daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen gepleşikler geçirilýär.