HABARLAR

Dalaşgärler hödürlenilýär

Welaýatymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmäge giňden taýýarlyk görülýär. Bu ugurda ýörite düzülen meýilnama esasynda çäreler geçirilýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň “Burnebitgazhyzmat” müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde welaýat halk maslahatynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemeklige bagyşlanan mejlisi geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen mejlisde saýlaw möwsüminiň dowamynda guralýan dürli mazmunly çäreleriň uly ähmiýetiniň bardygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saýlawlaryň milli ýörelgeler we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýändigi, munuň üçin ähli şertleriň döredilendigi bellenip geçildi hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri aýdyldy. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek hukugy welaýat, etrap, şäher halk maslahatlaryna degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, welaýat halk maslahaty tarapyndan dalaşgärlige üç adam hödürlenildi. Mejlise gatnaşyjylara öz erk-isleglerini, tekliplerini erkin beýan etmäge giň mümkinçi

Arkadagyň ulag diplomatiýasy: Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginden dünýä ösüşlerine tarap

Hormatly Prezidentimiz ählumumy gün tertibiniň energetika, ulag we suw meselelerinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtap, olary Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitledi. Bu gün daşary syýasatda ulag, energetika we suw diplomatiýasy boýunça netijeli gepleşikleriň başyny başlap, ýurdumyz özüniň tebigy baýlyklaryny, geosyýasy, geoykdysady mümkinçiliklerini we artykmaçlyklaryny sebit hem-de dünýä ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak bilen, bütin adamzadyň hyzmatynda goýýar. sebitde parahatçylyk dörediji we ylalaşdyryjy döwlet hökmündäki ornuny dürli ugurlar boýunça berkidip, iri ulag-logistik merkeze öwrülýär. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýän ulag diplomatiýasynyň baş maksady asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, ýurtlaryňdyr halklaryň hyzmatdaşlyk köprüsine öwrülen gadymy Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap ulag ugurlary boýunça gaýtadan dikeltmäge hem-de ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilendir. Häzirki zamanyň howply wehimine öwrülen koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, ýurtlaryňdyr halklaryň ýaşaýyş-durmuş we ykdysady derejesiniň kadaly ýagdaýda saklanmagyny üpjün etmekde ulag ulgamyna wajyp orun degişlidir. Çünki

Halkymyzyň ruhy galkynyşynyň ygtybarly daýanjy

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir Hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olary ösdürmegiň geljekki wezipeleri kesgitlendi. Hormatly Prezidentimiz maslahatyň gün tertibine geçip, medeniýet ministri A.Şamyradowa söz berdi. Ol medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralarda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Toplumyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň anyk ugurlary

6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen, «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradowa söz berdi. Ol geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de şu ýyl üçin meýilnamalar hakynda hasabat berdi.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gurulýan we durky täzelenilýän binalaryň hem-de desgalaryň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, möhüm we aýratyn möhüm gurluşyk işleriniň bahalaryny kesgitlemegi kämilleşdirmek hem-de gurluşyk işlerine gatnaşýanlaryň jogapkärçiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenilýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin Pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy. «Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 10347-nji Kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2009-njy ýyldaky 3-4-nji ýygyndysynyň 209-njy maddasy) birinji böleginiň Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin Pudagara toparynyň düzümini tassyklamak baradaky bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.

Möhüm ugurlarda derwaýys maksatlar

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir Hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamyny ösdürmek we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry we durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeli guraly bolan medeniýet ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Söwda ulgamyndaky netijeler

5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Müşşikowyň we E.Orazgeldiýewiň hem çagyrylandygyny aýtdy. E.Orazgeldiýewiň gözegçilik edýän oba hojalyk toplumy Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän söwda toplumynyň işi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.

Ulag-aragatnaşyk toplumyndaky wezipeler

6-njy fewralda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň öz gözegçilik edýän ugurlarynda geçen ýylyň dowamynda alnyp barlan işleriň jemleri hem-de şu ýyl üçin meýilnamalar barada hasabatlary diňlenildi.

Milli medeniýetimiziň gymmatlyklary özgertmeleriň many-mazmunyna siňdirilmelidir

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir Hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we olary ösdürmegiň geljekki wezipeleri kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry we durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeli guraly bolan medeniýet ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Tutumly işleriň depginini çaltlandyrmak ugrunda

5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň dowamynda häzirki ýagdaýda söwda toplumynyň işini guramagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, şu ýyl ähli döwlet maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toplumda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip aýtdy we maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny diňledi.