Gurýan döwlet gurpludyr

7 Fewral 2021
1415

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan ösýän senagat döwletine öwrülýär. Bu ösüş-özgeriş milli ykdysadyýetimiziň muňa ýardam edýän toplumlarynyň we pudaklarynyň, şol sanda gurluşyk-senagat toplumynyň hem-de onuň düzümleriniň işine möhüm ähmiýet berilmegi, sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi netijesinde gazanylýar.

Şu ýylyň 4-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda bellenilişi ýaly, döwletimiz bu pudaklaryň ösüşine möhüm ähmiýet berýär. Şu maksat bilen, oňa ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şeýle hem döwrebap kärhanalar gurulýar we öňdebaryjy tehnikalar satyn alynýar.

«Mugallymlar gazeti».