HABARLAR

Halkara ähmiýetli hyzmatdaşlyk

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen sebit, tutuş dünýä bähbitli şanly wakalar bilen başlandy. Ýylyň başynda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem iki goňşy döwletiň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Bu taslamalaryň bilelikde amala aşyrylmagy bolsa, iki goňşy döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygynyň, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygynyň ýene-de bir subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, gysga wagtda amala aşyrylan bu üç taslamanyň umumy maksady iki goňşy döwletiň uzak möhletleýin syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşine kuwwatly itergi bermekden ybaratdyr. Ikitaraplaýyn taslamalar türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine, abadançylygyna, giň halkara hyzmatdaşlyga, özara düşünişmäge ýardam etmäge

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 28-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri gatnaşdylar.

Barha rowaçlanýan daşary syýasat

Türkmenistan döwletimiz daşary syýasatda taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak wakalara beslenýär. Şol taryhy wakalar ýurdumyzyň ösüşiniň saýlanyp alnan, kesgitlenilen syýasy, durmuş-ykdysady we daşary syýasat ugrunyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygynyň netijesidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwlet gurluşynyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanýar. Ol taryhy taýdan gysga döwrüň içinde dünýä giňişliginde belent abraýa mynasyp bolup, sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna girdi. Türkmenistan özüni dünýäde bagt hem eşret, dostluk hem bagtyýarlyk höküm sürýän ýurt, ähli döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan döwlet hökmünde tanatdy. Munuň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürilmegini hem-de onuň dünýä bileleşigindäki ornunyň barha ýokarlanmagyny üpjün edýändigi baradaky hakykat bar. Çünki hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy özeni bolmak bilen, ýurdumyzyň ösmegi we özgermegi üçin oňyn sebit hem-de halkara şertlerini döredýändir. Hemişelik B

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de geljekde geçirilmeli işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Mejlisiň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek, şeýle hem ýurdumyzyň Hazarýaka döwletler we sebitdäki guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Hazar deňzinde alyp barýan işleri bilen bagly meseleler boldy. * * *

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan goňşy döwletler, şol sanda Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrýar. Dostlukly iki döwletiň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary hökmünde gaz, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk pudaklaryny, söwda, obasenagat, medeniýet ulgamlaryny görkezmek bolar. Türkmenistan bilen Özbegistan hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýärler. Muňa öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul edende ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny döwlet Baştutanymyza ýetirdi. Goňşy ýurduň Baştutany milli Liderimize hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda elektron senagaty önümçiliginiň ösdürilmegine, oňa dünýäniň ösen tejribeleriniň we häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ady agzalan merkeziň işiniň ýola goýulmagy bu ugurda wajyp ädime öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere gelende, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.

Sanly tehnologiýalar — geljegiň ygtybarly binýady

Hormatly Prezidentimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi bilen tanyşdy Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda milli Liderimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda elektron senagaty önümçiliginiň ösdürilmegine, oňa dünýäniň ösen tejribeleriniň we häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işiniň ýola goýulmagy bu ugurda wajyp ädime öwrüldi. Şoňa görä, 15-nji fewralda döwlet Baştutanymyz bu ýere baryp, alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Kämil kanunçylyk — sagdyn jemgyýet

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan demokratik ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy toýlanjak üstümizdäki ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeklige görülýän taýýarlyk işleri ýurdumyzda demokratiýanyň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerini, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny we dünýä tejribesini göz öňünde tutmak bilen kanunçylyk ulgamyny has-da kämilleşdirmeklige aýratyn uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kämil demokratik we halk häkimiýetlilik ýörelgeleri esasynda giň gerimli konstitusion özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň kabul edilmegi hem doly subut edýär.

Elektron senagaty önümçiliginiň ösüşine giň gerim berilýär

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýere gelende, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.