HABARLAR

Ministrler Kabinetiniň we Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisi

14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty-myza iş sapary bilen gelip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisine gatnaşdy. Gün tertibine döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi.

Habarlar

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ GUTLAGYTürkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy mynasybetli, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlag iberdi. Gutlagda şeýle diýilýär: «Oraza baýramy adamzadyň ruhy tämizlik, ahlak arassalygy, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dostluk we doganlyk, şükranalyk hem-de agzybirlik ýaly gymmatlyklaryny dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, müňýyllyklaryň dowamynda örän baý medeni we ruhy gymmatlyklary döreden halkymyz beden we ruhy taýdan päklenmegiň, haýyr-sahawatyň keremli aýy hökmünde Oraza aýyna, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň mübärek gijesi bolan Gadyr gijesine aýratyn sarpa goýýar». * * *

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar. Gürrüňdeşligiň dowamynda rehimdarlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk ýaly umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň nyşany bolan bu ajaýyp baýramyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Döwlet özygtyýarlygynyň nyşanlary

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň we paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uludan bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde toýlanmagy halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän hem-de halkara derejesinde giň goldawa eýe bolýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüji, ynsanperwer we hoşniýetli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny bu günki gün dünýä ykrar edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy goşa mukaddeslik bolup durýar. Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ýörelgelerimizi özünde jemläp, umumadamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşygy emele getirýär. Munuň şeýledigini bolsa Döwlet baýdagymyzda haly gölleriniň we bitewüligi hem-de agzybirligi aňladýan bäş ýyldyz we ýarym Aýyň şekilleriniň ýerleşdirilmegi hem aýan edýär. Şeýlelikde, Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň Garaşsyz, özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary bolup durýar.

Heýkelleriň täsin sungat, paýtagtym!

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri dünýäde özüniň ak mermer binalary, ajaýyp suw çüwdürimleri, ylaýta-da, ençeme seýilgähleriň görküne görk goşýan täsin heýkelleri bilen has görkana keşbe eýedir. Paýtagtymyzyň çar künjegini bezäp oturan heýkelleriň taryhy köklerine ser salmak, ýaş taryhçy bolamsoň, meniň üçin diýseň ýakymly. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halkynyň suratkeşlik, zergärçilik, heýkeltaraşlyk sungatynyň akabasynyň gözbaşy örän gadymy döwürlerden gaýdýar» diýip nygtaýşy ýaly, paýtagtymyzyň heýkeltaraşlyk sungatynyň taryhy öz gözbaşyny has alyslardan alyp gaýdýar.

Telefon arkaly söhbetdeşlikler

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Goňşy döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar. Rehimdarlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk ýaly umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň nyşany bolan bu ajaýyp baýramyň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklary ýylsaýyn berkitmek bilen, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň baý uglewodorod ýataklaryny netijeli özleşdirmek, Hazar sebitinden energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak üçin netijeli çäreleri görýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, strategik ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şol sanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça işlemegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşlikleri

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew söhbetdeşligiň barşynda özara hormat goýmak, ynanyşmak hem--de açyklyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň strategik we netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Jemgyýetiň öňdebaryjy güýji

Döwletimizde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim almagy üçin ähli şertleri üpjün etmek, zehinli ýaşlara goldaw bermek, ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen şertleri döretmek işleri maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Bu resminamalarda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň arasynda halkymyzyň ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen giň çäreler bellenilýär. Ýaş nesli watançylyk, raýat jogapkärçiligi, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, ýaş maşgalalary goldamak babatdaky wezipelere uly üns gönükdirilýär. Ýaşlary işe ýerleşdirmegi gowulandyrmak maksady bilen, täze önümçilikleri, işleriň görnüşlerini we iş ýerlerini döretmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak hem baş wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň bilimlerini kämilleşdirmek, şol sanda daşary ýurt dillerini

Ýangyç-energetika pudagynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny hem-de azerbaýjan tarapynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.