Halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen tagallalar

12 Maý 2021
763

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňümizdäki baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere seredildi.

Milli Liderimiz ilki bilen paýtagtymyza gözegçilik edýän wise-premýeri hem-de Aşgabat şäheriniň häkimini göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk desgalarynda işleriň barşy barada hasabat berdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar