Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

14 Maý 2021
892

12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklary ýylsaýyn berkitmek bilen, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň baý uglewodorod ýataklaryny netijeli özleşdirmek, Hazar sebitinden energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak üçin netijeli çäreleri görýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, strategik ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şol sanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça işlemegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Beýleki habarlar