HABARLAR

Şähergurluşyk maksatnamasy: ýokary hiliň we amatlylygyň sazlaşygy

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň günorta künjeginde Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda taslamalar, täze binalaryň, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika toplumyna, Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi hem-de energetika ministrleri, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

Watanymyzyň galla harmany berekede beslenýär

14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Aşgabat — okgunly ösýän şäher

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň başyny başlamak bilen, olary durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny berk gözegçilikde saklaýar. Munuň özi binalaryň bezeg işlerinden başlap, olaryň tehniki üpjünçiligine, desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyna we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine çenli ähli tapgyrlary öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça amala aşyrýan her bir iş saparynda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň barşy bilen jikme-jik tanyşýar. Milli Liderimiz alnyp barylýan işleriň ähli ugurlary, onuň her bir tapgyry bilen gyzyklanýar. Ýurdumyzyň taslamalary işläp düzüjileri, binagärleri, gurluşykçylary hormatly Prezidentimiziň desgalaryň ähmiýeti, olaryň ygtybarlylygy, howpsuzlygy hem-de bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly görkezmelerini, tekliplerini baş ýörelge edinýärler.

Yhlasly zähmetiň miwesi

Türkmenistan — ak bugdaýyň Watany. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden toýlanylýan ýylynda, edermen gallaçylaryň yhlasly zähmetleri netijesinde ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Şol maksat bilen 14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. «Watanymyzyň bagtyýarlygy biziň manyly ýaşaýşymyzdyr. Bu gadymy Diýarda Watan mertebesiniň belentliginiň hatyrasyna, ähli yhlasyny, gaýratyny bagyş eden merdanalaryň göreldesi nusga bolup ýaşaýar. Häzirki ösüşli döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýäde öz mynasyp ornuny eýelemegi üçin, öňümizde goýýan belent maksatlarymyz hem şunuň aýdyň subutnamasydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda aýratyn nygtaýar. Şondan ugur alnyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Döwletimiz oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin zerur şertleri döredýär. Daýhanlar ýokary hilli tohumlar, miner

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş. Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda taslamalar, täze binalaryň, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika toplumyna, Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi hem-de energetika ministrleri, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk işleriniň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E. Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Gahrymanlar unudylmaýar

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli hormatly  Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ata Watanymyzy gorap, edermenlik görkezen gahrymanlarymyzyň hatyrasy belentde sarpalanýar. Gerçek ýigitlerimiziň görkezen edermenligi, tylda gije-gündiz arman-ýadaman zähmet çeken ildeşlerimiziň merdanalygy, gaýratlylygy şöhratly taryhyň gatlarynda ebedilik saklanýar. Watan mukaddesligini belende götermek, ak ýürekden yhlasly we halal zähmet çekmek her bir ynsan üçin uly mertebedir, egsilmez bagtdyr. Ata Watan üçin nesilleriň hatyrasyna edilen her bir gahrymançylykly hereket taryhda ömürlere nusgalyk ýörelgedir.

Baş maksat — halkyň saglygyny goramak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň raýatlarynyň maddy hal-ýagdaýyny, medeni-durmuş şertlerini gowulandyrmak, bilim derejesini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Milli Liderimiziň «Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr» diýen baş ýörelgesine eýerilip, halkyň saglygyny goramaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň we ony ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň kabul edilmegi munuň ýene-de bir subutnamasy boldy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak üçin ähli mümkinçilikler we şertler göz öňünde tutulýan kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek esasy wezipe hökmünde öňde goýulýar. Ýakynda bolsa, hormatly Prezidentimiz ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak we adamlaryň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýene-de bir Karara gol çe

Kardiologiýa ulgamynda ýetilen sepgitler

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýürek-damar kesellerini bejermekde we öňüni almakda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanany döwrebaplaşdyrmak we bu hassahanada ýurdumyzyň ilatyna ýöriteleşdirilen bejeriş-öňüni alyş kömeginiň dünýä derejesinde berilmegini üpjün etmek maksady bilen, hassahananyň täze binasy 2014-nji ýylda ulanylmaga berildi. Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň binalar toplumy 350 orundan ybarat bolup, bu ýerde ilata ýöriteleşdirilen kardiologiýa kömegini bermek üçin niýetlenen: merkezleşdirilen kabul ediş, hirurgiki aritmologiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, angiohirurgiýa, operasiýa, toksikologiýa we gemodializ, maslahat beriş we anyklaýyş, gan banky, rentgen-endowaskulýar hirurgiýa, çagalar we ulular üçin rewmatologiýa, iç keselleri, endokrinologiýa, şöhle bilen anyklaýyş we kliniki-anyklaýyş, barlaghana hem-de endoskopiýa bölümleri bar. merkezde kardiohirurgiýa, kardiologiýa, miokardyň infarkty, funksional anyklaýyş, fizioterapiýa we saglygy dikeldiş ylmy-kliniki, şeýle-de «Berzeňňi» ylmy-şypahana bölümleri hereket edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat, 15-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şäher ilatynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda zerur şertleriň döredilmegine, şäheri ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzda ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär.