HABARLAR

Ýiten kiti emeli hemra arkaly tapdylar

Emeli hemra arkaly Ottawa uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen täze ylmy-barlag işleriniň netijeleri esasynda demirgazyk Atlantik ummanynyň keramatly Lawrentiýa aýlagyndan kitleriň ýitip gitmek howpy abanýan görnüşiniň biriniň anyk şekili bellige alyndy. Häzirki wagtda bu kitleriň dünýäde bary-ýogy 336-synyň bardygy we emeli hemra arkaly tapylan kitiň hem şol kitleriň biridigi anyklanyldy. Bu kitler häli-şindi gämiler bilen çaknyşýarlar, käte bolsa aljyraňňy ýagdaýda balykçylyk enjamlary tarapyndan ýaralanýarlar. Bu bolsa olaryň köplenç ýagdaýda sanynyň azalmagyna getirýär.

Alajagaplaň

Ýurdumyzyň çäginde haýwanlaryň dürli görnüşlerine duş gelmek bolýar, olaryň arasynda öz owadanlygy bilen tapawutlanýanlaryň biri-de, alajagaplaňdyr. Alajagaplaň – ýyrtyjylar toparyna, pişikler maşgalasyna degişli bolup, göwresi uly pişikdir.

«Aždarym bilen toýa barýarys»

Hojambaz etrabynyň Gyzylgum geňeşliginiň Çekiç obasynyň ýaşaýjysy Begenç Hanyýewi we onuň alabaý itlerini tutuş ýurdumyzda hem itşynaslaryň tanamaýany az-azdyr. Ol alabaý itleriň ýüzden gowragyny ýetişdirdi. Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda biz bu tejribeli itşynas bilen söhbetdeş bolduk. — Söhbetdeşligimizi alabaý itleriňiz bilen dostlugyňyzyň emele gelşiniň ilkinji günlerinden başlaýsak...

Çypar tilki

Adaty tilkileriň itdir möjekleriňkä meňzeş dişleri, olaryňka görä uzynrak göwresi, inçeden gelen uzyn ýüzi we gyýak ýerleşen gözleri bolýar. Aýaklary gysga, ujy akja guýrugy bolsa uzyn bolup, mymyk uzyn tüýler bilen örtülendir. Olaryň göwreleriniň 1,3 metr töweregi uzynlygynyň 50 santimetr gowragy guýrugyň paýyna düşýär, agramy has daýananynda 8 kilograma çenli ýetýär. Tilkiler düz ýerlerde uly sazak, sözen, ýylgyn ýaly beýigräk gyrymsy agaçlaryň düýplerinde, baýyrlyklarda, daglyklarda, daşlaryň aşaklarynda, urpaklyklarda bolsa ýapgyt, kert ýerlerde özleri üçin ýaşamaga 2-3 agyzly süren gazýarlar. Tilkiler örän çalasyn bolup, diýseň gaty ylgaýar. Ýörite aw itleri-de olaryň yzlaryndan kynlyk bilen ýetýär. Özlerem aňsat ýadamaýar. Ýadasa-da, özüni çalt dürseýär.

Muny bilmek gyzykly

Çagalar! Guşlar barada bilmek, olaryň käbir görnüşleri bilen tanyş bolmak siziň üçin täsin bolsa gerek. Geliň, olar barada bilýän maglumatlarymyzy bileje paýlaşalyň! Durna — guşlaryň arasynda owadanlygy, täsinligi bilen tapawutlanýar. Halk arasynda «Durna geçdi, duluňy ýap, gaz geçdi — gapyňy» diýlen atalar sözi hem bar. Türkmen halky durnalaryň toýnuk gurap geçişlerine söýgi bilen garaýarlar. Ýurdumyzda durnanyň ak durna, çal durna, owadan durna ýaly görnüşlerine duş gelinýär. Bularyň içinde ýurdumyzda beýlekilere garanyňda ak durna köp duş gelinýär. Durnalara Tejen, Murgap, Garagum, Amyderýa jülgelerinde, Köpetdagyň eteklerinde we Hazaryň kenarýakasynda we beýleki ýerlerde gabat gelinýär. Durnalar ösümlikleriň ýerasty baldaklary, ter otlaryň ýapraklary, seýregräk mör-möjekler we ownuk gemrijiler bilen iýmitlenýärler. Durna guşlary süri bolup uçýarlar. Özem «toýnuk» şekilini ýasap ýa-da döwre gurap (tegelenip), gykuwlaşyp uçýarlar.

Türkmenistanyň täsin täzelikleri

Soňky döwürlerde sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Habarlaryň, maglumatlaryň alyş-çalşygynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri barha kämilleşýär. Internet ulgamynyň kömegi bilen dünýäniň ähli ýerindäki derwaýys hem gyzykly wakalaryň maglumatlary bilen tanyşmak mümkinçiligi indi hemmeler üçin elýeterli. Ynha, ýaňy-ýakynda «Türkmenportalda» peýda bolan bu maglumat ildeşlerimiz üçin hem gyzykly bolsa gerek. Ol habarda «Mir 24» teleýaýlymynda Türkmenistanyň janly tebigatyň muzeýinde saklanýan nil krokodiliniň çagasynyň bolandygy baradaky habaryň berlendigi aýdylýar.

Biler bolsaňyz...

Şu wagta çenli ölçenen iň uly buzdagynyň uzynlygy 322 kilometre, ini bolsa 96 kilometre deňdir.* * *Bir kilogram limonda we bir kilogram ýertudanada bar bolan şekeriň mukdary des-deňdir.* * *Adam beýnisiniň ortaça agramy 1,3 kilograma barabardyr we onuň 80 göterimi suwdur.* * *Aýylar hinleriniň agzyny hemişe demirgazyk tarapa garadyp gurýarlar.* * *Oklukirpiler bolsa hinleriniň agzyny günbatar tarapa garadyp gurýarlar.* * *Şimpanzeler sanlaryň belli yzygiderliligini adamlardan has çalt ýatda saklamagy başarýarlar.

Gyzykly maglumatlar

Läheňleriň ýüregi minutda 9 gezek urýar. Gaplaňlaryň diňe bir tüýi alabeder bolman, eýsem, derisi hem alabederdir.

Bedene

Bedene beýleki guşlardan özüniň çalt ýetişýändigi bilen tapawutlanýar. Ol üç ýyla çenli ýaşaýar. Bedenäniň teniniň gyzgynlygynyň towuklaryňkydan iki gradus ýokary bolandygy üçin ol öý guşlaryna mahsus bolan keseller bilen kesellemeýär. Olar 35-40 günlük bolanlarynda, ýumurtga guzlap başlaýarlar. Bedenäniň önüm berijiligi ýylda 280 ýumurtgadan-da geçýär. Ýumurtgasy düzümindäki peýdaly maddalaryň mukdarynyň köpdügi boýunça beýleki öý guşlarynyňkydan aýratyn tapawutlanýar. Bedenäniň göwresi öý towuklarynyňkydan ep-esli kiçi, torgaýyňkydan uly, arassa etiniň agramy 100 grama deňdir. Bu täsin guşlar daňdan, günorta wagtynda, nahar mahalynda, öýle we gün batyberende saýraýarlar. Adamlar bedenäni eldekileşdirip, howlularynda, keteklerde saklapdyrlar. Ýakymly owazyna guwanyp, olary öý şertlerinde köpeldip, melhemlik etini, dermanlyk ýumurtgasyny halk lukmançylygynda ulanypdyrlar. Bu işler häzirki döwürde hem dowam etdirilýär.

Äpet hem güýçli jandar

Muny bilmek gyzykly Älem ylymlarynyň barçasyndan habarly bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: