Hojambaz etrabynyň Gyzylgum geňeşliginiň Çekiç obasynyň ýaşaýjysy Begenç Hanyýewi we onuň alabaý itlerini tutuş ýurdumyzda hem itşynaslaryň tanamaýany az-azdyr. Ol alabaý itleriň ýüzden gowragyny ýetişdirdi. Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda biz bu tejribeli itşynas bilen söhbetdeş bolduk.
— Söhbetdeşligimizi alabaý itleriňiz bilen dostlugyňyzyň emele gelşiniň ilkinji günlerinden başlaýsak...