HABARLAR

Öýüň goragçysy, halkyň guwanjy

Türkmen itleriniň ukyp-başarnyklary müňýyllyklaryň dowamynda has kämilleşipdir. Geçmişde alabaýlaryň eýelerine wepaly bolup, her hili howp-hatarlardan gorandygy, jeňlere gatnaşyp görkezen batyrlyklary barada gyzykly maglumatlar juda köp duş gelýär. Alabaý itleriniň örän gadymy döwürlerden bäri dürli maksatlar üçin ösdürilip ýetişdirilendigini, olaryň has gadymdan ynsanyň aýrylmaz ýoldaşy bolup gelýändigini ýurdumyzyň çägindäki arheologiýa ýadygärliklerinde duş gelýän tapyndylar hem subut edýär. Gadymy Jeýtun obasyndan biziň eýýamymyzdan öňki I müňýyllyga degişli itiň ystyhany ýüze çykarylýar. Onuň ägirt uly kellesi türkmenleriň ata-babalarynyň şol döwürde äpet itlere eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Gadymy ýadygärliklerde itleriň heýkeljikleri hem köp tapylýar. Olarda itleriň gulak-guýruklarynyň gysgaldylandygy mesaňa görünýär. Bu däp biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Hun türkmenleri gözi açylmadyk güjükleri eneleriniň emdirmeginden aýryp, olary öz elleri bilen iýmitlendiripdirler. Ulalan it özüniň ekleýjisini ýatda saklap, oňa wepaly hyzmat edipdir. Harby maksatlar üçin taýýarlanylýan itleri hem şeýle usullarda terbiýeläpdirler.

Soňky sütün

Çopanlar alabaýyň bir garna bolan güjüklerden diňe olaryň nesilbaşylaryna meňzeşlerini hem-de enesiniň bir ýerden başga ýere geçirende ilki göterenini saýlap alýarlar. Şeýle-de biraz ulalansoň, olary güýç synagyna salyp görýärler. Eger-de, saýlap almakçy bolýan alabaýy garşydaşynyň guýrugyna ýa-da aýaklaryna agyz ursa, ony gorkak, kellesine, bokurdagyna ýapyşsa, batyrgaý häsiýetli görüp, şony-da çopan goşunda galdyrýarlar. * * *

Çar-çar eder çarlaklar

Owadan hem şowhunly guşlaryň biride çarlaklardyr. Olaryň dünýäde 46 görnüşi bolup, şolaryň 9-sy ýurdumyzda duş gelýär. Biziň goraghanamyzyň çäklerindäki adalarda mesgen tutan çarlaklaryň çüňki ala çarlaklaryňkydan birneme kiçiräk, ýöne oňa derek olaryň reňki agrak, özlerem has gaharjaň bolup, adalara ýyrtyjy guş aralaşdygy hökman şonuň üstüne gazaply hüjüm edýärler. Olar topar bolup ýaşaýarlar. Toparlaýyn ýaşaýşynda rahatlyk ýok, ylaýtada ýumurtgalardan jüýje çykýan wagtlary. Çarlaklar höwürtgäni çägeli burunlarda, adalarda, dag gaýalarynda, seýrek ýagdaýlarda agaçlarda gurýarlar. Guşlaryň horazlary hem mäkiýanlary kürk bolup oturýarlar. Jüýjeleri ýumurtgadan sütük ýelekli çykýarlar, olar endamy gurandan soň, howp abananda ylgap gaçýarlar. Çarlaklar jüýjelerini bilelikde iýmitlendirýärler. Gezekligezegine jüýjelerine owunjak balyklary getirip berýärler. Olar, esasan, mörmöjekler, balyklar, maýda süýrenijiler we gemrijiler bilen iýmitlenýärler.    

«Dury gözli durnalar»

Türkmenleriň arasynda guşlar bilen baglanyşykly ýaýran ruhy we durmuş ýörelgeleri her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Guşlara yzygiderli gözegçiligiň netijesinde halk paýhasynyň goýry gönezliginde olar barada giň düşünjeler jemlenipdir. Olaryň ýaşaýyş şertleri, köpelişi, häsiýetleri barada ençeme gyzykly rowaýatlar, ertekiler, tymsallar, nakyllar, atalar sözleri döräpdir. Halk döredijiligi eserleriniň ähli görnüşlerinde guşlary goramak, olara ýardam etmek meselesi örboýuna galýar. Türkmenleriň guşlar babatynda gyzykly däplerinde, ynançlarynda durnalar aýratyn orun eýeleýär. Türkmen halk döredijiliginiň eserlerinde durnalar adalatlylygyň, hoşgylawlylygyň alamaty hökmünde suratlandyrylýar. Durnalar Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan guş däldir. Olar ötegçi, wagtlaýyn ýaşaýan, düşläp geçýän guşlara degişlidir. Howa sowap ugranda, durnalar gyşlamak üçin günorta tarap geçýärler. Il arasynda: «Gaz geçse, gapyňy aç, durna geçse, duluňy ýap» diýen nakyl howanyň ýagdaýyny duýdurýan aýtgy bolup, giňden ýaýrapdyr. Türkmen awçylary durnanyň etinde ownuk süňkleriň köpdügi sebäpli ony awlamandyrlar. Il içinde durnanyň etini iýmek hem oňlanmandyr.

Kindiwanja kebelekler

Ýer ýüzünde kebelekleriň münlerçe görnüşi bellidir. Olaryň bedenleriniň ululygy hem dürli-dürlüdir. Biziň ýurdumyzda hem kebelekleriň ýüzlerçe görnüşi duş gelýär. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 3-nji neşirine kebelekleriň 11 görnüşi girizilendir. Olaryň ençeme görnüşine Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda duş gelmek bolýar. Ýurdumyzda duş gelýän kindiwanja kebelekleriň biri-de perwanadyr. Onuň ululygy, takmynan, siňek ýalydyr. Ençeme şahyrlaryň eserlerinde bu kebelejigiň ady söýgi bilen tutulýar. Onuň ýaşaýyş ekologiýasyna köp adamlar beletdirler. Gijelerine ot ýakyp, çaý gaýnadýan ýa-da nahar bişirýän adamlar oňa köp duş gelýärler. Perwana ýakylýan oduň ýagtysyna gelip, onuň daşyndan aýlanyp başlaýar. ªeýlelikde, ol oduň daşyndan aýlanyp ýörşüne, oňa has ýakynlaşýar hem-de oduň ýalnyna ýanyp köýýär. Adamlaryň käbirleriniň bu jandarlara rehimi gelip, olary elleri bilen otdan daşrak kowjak bolýarlar. Emma şonda-da olar oduň ýalnyna özlerini urýarlar.

Alajabars

Haýwanat dünýäsiniň özboluşly wekilleriniň biri hem alajabarsdyr. Ol pişikler maşgalasyna degişlidir. Ýurdumyzda alajabarsy awlamak gadagandyr. Ol Türkmenistanyň Bathyz, Köpetdag we Sünt-Hasardag döwlet goraghanalarynda goralýar. Sumbar we Çendir derýalarynyň boýlarynda, dag gerişlerinde we depelerinde, ýokarky belentliklerde alajabarsa duş gelmek bolýar. Olar gaýalaryň, depeleriň arasyndaky pesliklerde ýaşaýarlar. Alajabars ýaşaýan ýerini aňsat üýtgetmeýär, diňe ýaş barslar ulalansoň, ýaşamak üçin täze ýerleriň gözlegine çykýarlar. Alajabarsyň bedeniniň uzynlygy 130-180 santimetre, agramy 32-60 kilograma çenlidir. Erkekleri has iridir, tüýleri gysga hem dykyzdyr. Ene alajabars  nesil öndürmek üçin kert gaýalary, barmasy kyn bolan dereleri, gowaklary, toýnaklylaryň köp ýerini saýlaýar. Şol ýerde süreniň bardygy duýulmaýar, onuň ýanynda iýmit galyndylary bolmaýar. Çagalary ulalyşansoň, ene alajabars öz penalanýan ýerini yzygiderli çalşyp durýar.

Atýalman

Haýwanat dünýäsinde süýdemdiriji jandarlaryň gemrijiler topary özlerinde 44 görnüşi jemleýär. Bobrinskiniň atýalmany hem urugda ýeke-täk görnüşdir. Garagum çölüniň endemigi bolan bu jandarlara ýurdumyzda üç ýerde: demirgazyk-günbatarda gadymy Uzboýuň aňyrsynda — Türkmenbaşy etrabynyň Gökdere obasyndan günortada Uzboýuň aşaky akymyna çenli aralykda, Amyderýanyň Sarygamşa akan gadymky ugrunda, Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň şorluk hem takyrlyk ýerlerinde gabat gelmek bolýar. Bäş barmakly atýalmanlar maşgalasyna degişli bu gemriji jandarlar ýurdumyzdan gaýry Özbegistanyň çöllüklerinde hem ýaşaýarlar. Bedeniniň uzynlygy 11 santimetrden 13 santimetre çenli bolan atýalmanlar toýunsow, ownuk daşly toýunsow takyrlyklarda, bölekleýin syrap gelen çägeli we selçeň şoraly düzlüklerde ýaşaýarlar. Olaryň yzky aýaklarynyň uzynlygy 6 santimetre çenli, arkasy goňurrak, sarymtyl-gülgün öwüşginli açyk sary, bokurdagy, döşi we garny ak reňkli bolýar. Bu jandarlar hereket edip, gysga aralyga bökenlerinde, yzky aýaklaryny hemişe deň goýýarlar. Olaryň bedeninden 1,5 essä golaý uzyn guýrugynyň ujundaky küle reňkli gotazjyk çala bildirýär.

Durnam, toýnuk...

Durnalar näme üçin toýnuk gurap uçýarka?! Bu barada her hili pikirdir çaklamalar bar. Şolaryň içinde serkerde durna howanyň päsgelçiligini aýryp, beýleki yzdaky durnalara uçmaga ýeňillik döredýär diýlen çaklama-da bar. Durnalaryň toýnuk gurap uçmagy, megerem, Watan bilen bagly bolsa gerek. Haçan-da, howa maýlanda, durnalar ýurdumyza gelip başlaýarlar. Şu ýerde gaty täsin bir ýagdaýy aýdyp geçeliň.

Türkmen tebigatynyň gözelligi

Türkmen tebigaty özüniň özboluşly gözelligi, ajaýyp haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen tapawutlanýar. Halkymyzda asyrlarboýy ene topraga, tebigata söýgi bilen çemeleşilip, ony goramak ýörelgeleri nesillerden nesillere geçirilip gelnipdir. Tebigata bolan söýgi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň, medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Daşky gurşawy goramak, tebigatdan we onuň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak, biodürlüligi gorap saklamak, şeýle-de onuň görnüşlerini köpeltmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda her ýyl ýaz we güýz möwsümlerinde köpçülikleýin bag ekmek dabarasynda dürli agaçlar ekilýär. Ata-babalarymyzdan gelýän bu asylly ýörelge netijesinde ýurdumyz bagy-bossanlyga beslenip, mähriban Diýarymyzyň çägindäki tokaý zolaklary artýar. Bu bolsa haýwanat we ösümlik dünýäsiniň has-da baýamagyna getirýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek duş gelýän we ýitip barýan görnüşler hem bardyr.

Köpetdagyň etegindäki täsin künjek

Aşgabat şäherindäki Janly tebigatyň milli muzeýine baranyňda, haýwanat dünýäsi bilen ýakyndan tanşyp, olar barada täsirli maglumatlary öwrenip, özboluşly dünýä düşýärsiň. Şonuň üçin hem, bu künjege yzygider gezelenç etmäge gelýänleriň sany juda köp. Bu täsin muzeý 2010-njy ýylda gojaman Köpetdagyň täsin künjeginde açylyp ulanylmaga berildi. Muzeýiň gündogar böleginde Afrika sawannasy hem-de ýyrtyjylar, onuň günbatar böleginde toýnaklylar we guşlar bar. Mesgeni Gündogar Afrika bolan haýwanlaryň birnäçe görnüşini hem bu ýerde haýran galyjylyk bilen synlamak bolýar. Güneşli Diýarymyzyň daglarynda, sähralarynda, suwlarynda we tokaýlarynda mesgen tutan janly-jandarlaryň birnäçe görnüşleri bu ýere aýratyn görk goşýar.