Çar-çar eder çarlaklar

18 Oktýabr 2023
2445

Owadan hem şowhunly guşlaryň biride çarlaklardyr. Olaryň dünýäde 46 görnüşi bolup, şolaryň 9-sy ýurdumyzda duş gelýär. Biziň goraghanamyzyň çäklerindäki adalarda mesgen tutan çarlaklaryň çüňki ala çarlaklaryňkydan birneme kiçiräk, ýöne oňa derek olaryň reňki agrak, özlerem has gaharjaň bolup, adalara ýyrtyjy guş aralaşdygy hökman şonuň üstüne gazaply hüjüm edýärler. Olar topar bolup ýaşaýarlar. Toparlaýyn ýaşaýşynda rahatlyk ýok, ylaýtada ýumurtgalardan jüýje çykýan wagtlary.

Çarlaklar höwürtgäni çägeli burunlarda, adalarda, dag gaýalarynda, seýrek ýagdaýlarda agaçlarda gurýarlar. Guşlaryň horazlary hem mäkiýanlary kürk bolup oturýarlar. Jüýjeleri ýumurtgadan sütük ýelekli çykýarlar, olar endamy gurandan soň, howp abananda ylgap gaçýarlar. Çarlaklar jüýjelerini bilelikde iýmitlendirýärler. Gezekligezegine jüýjelerine owunjak balyklary getirip berýärler. Olar, esasan, mörmöjekler, balyklar, maýda süýrenijiler we gemrijiler bilen iýmitlenýärler.    

Abadan Myradowa,
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň gorag bölüminiň 1nji derejeli döwlet inspektory.