HABARLAR

Açgöz garga (Iňlis tymsaly)

Asmanda gezýän jandarlaryň şasy bolan bürgüt düzde agaýana otlap ýören goýun sürüsiniň üstünden öwrüm etdi-de, birden aşaklygyna gaýtdy. Süriniň içinde dünýäň gaýgysyny etmän gezip ýören guzujygy kuwwatly penjesine gysyp, asmana göterilip, ýitip gitdi. Bu wakany gören garga: «Şunuň ýaly äpet guş bolubam, alyp gidýäni bir kiçijik guzy. Ähli ganatlylaryň şasy halyňa dagy aw edeniňde, haýwanlaryň iň naýbaşysyna ýapyşmaly ahyry» — diýip gargyndy. Garaz, garganyň bürgüdiň hereketine göwni ýetmedi. Göwnünde bir uly goýny penjesine gysaga-da, asmana göterilip, bürgüde görünmek, öwünmek isledi. Bürgüdiň edişi ýaly, süriniň üstünden öwrüm etdi-de, goýunlardan iň naýbaşysyny saýlady. Bürgüt kimin asmandan indirilip gaýtdy-da, saýlan goýnuny penjesinde göterip, uçmak isledi, ýöne goýun ýerinden gozganar ýaly däl. Garga goýnuň derisinden tutýandyryn öýdüp, özüniň dyrnakly aýaklaryny goýnuň ýüňüne has mäkäm çolaşdyrdy.

Muny bilmek gyzykly

■ Arylara Antarktidadan başga dünýäniň islendik künjeginde duş gelmek bolýar. ■ Atlar we sygyrlar dik durup dynç alýar.

Durnalar — güýzüň görki

Gör, indi näçe gezekler obamyzyň çagalary bolup, durnalar bilen hoşlaşyp, olaryň sag-aman gyşlap, ýene ýazda dolanyp gelmegini arzuw edipdik. Tebigatyň hasap guşy bolan durnalar gitmäge taýýarlanyp ugran bolsalar, diýmek gyşyň gapymyzy kakjak günleriniň daşda däldiginden habar berýärdi. Durnalar şahyrlaryň döredijilik dünýäsinde hem mynasyp orun alypdyr. Durnalar topar bolup ýaşaýarlar. Her toparyň hem öz toparbaşysy bolup, ol baryljak ýere belet bolýar. Olar uzak ýola uçanlarynda, toparyň başyny ýaş durna çekýär. Sarygamyş kölünde mekan tutan durnalar alty aý ýaşap, güýz golaýlanda şol ýerde kemala gelen ýaş durnalary, ýola şaýlanmazdan öň, uzak ýola taýýarlap ugraýarlar. Uly ýaşly durnalar 6 aýlyk ýaş durnalary her günde az-azdan, ilki pessaý uçup, ýakyn aralyga uçmaga türgenleşdirýärler.

Welaýatymyzda täze duş gelýän kebelekler

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleriniň geçiren ylmy gözegçilikleriniň netijesinde, 2021-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Bossan geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, «Mürzebaşy» diýlip atlandyrylýan kiçeňräk tokaýda we Akdepe şäheriniň çäklerinde seýrek duş gelýän, ýitip barýan görnüş bolan, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 2-nji, 3-nji neşirlerine girizilen, hüwipisint kebelekler maşgalasyndan toraňňy kebeleginiň duş gelýändigi ýüze çykaryldy. Bu görnüş diňe Türkmenistanyň däl, eýsem Özbegistanyň, Gazagystanyň hem Gyzyl kitaplaryna girizilendir. Ylmy çeşmelerde bu kebelegiň diňe Sumbar, Tejen, Murgap derýalarynyň jülgelerinde, Amyderýanyň orta akymynda duş gelýändigi barada maglumatlar bar. Mundan başga-da, şu ýylyň ýanwarynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň şor suw akabasynyň ugrunda, Atabaýşor kölüne ýakyn meýdanlara gözegçilik geçirilip ýörlen wagtynda garyşlaýjylar maşgalasyndan «perli haýmoptena» atly, ganatlarynyň gerimi 16-17 millimetre deň bolan seýrek duş gelýän kebelejik Demirgazyk Türkmenistanda ilkinji gezek hasaba alyndy. Öň ýurdumyzda diňe Repetek goraghanasynda duş gelýän, Merkezi Aziýanyň we Gazagystanyň endemigi hasaplanýan, Gazagystanyň Gyzyl kitabyna girizilen bu görnüşiň biziň welaýatymyzyň meýdanlarynda

Alajagözen

Alajagözen ýurdumyzda giňden ýaýrandyr. Daşky sypatynyň aladygy, islendik howpa garşy hilegärlik, çalasynlyk, goranyş hem hüjüm endiklerine türgendigi üçin ol il arasynda «alajagözen», «alajagözek», «alajaöwzen» atlary bilen tanalýar. Ol süýdemdirijiler toparynyň samyrlar maşgalasyndan bolup, ys mäzi oňat ösen haýwandyr. Bu ýyrtyjy çöllük, ýarym çöllük, dag etegindäki düzlük we baýyrlyk ýerleri halaýar, maşgala bolup ýaşaýan gemrijileriň toplanan ýerinde mekan tutýar. Özleri hin gazynmaýarlar, gemrijileriň sürenlerinde ýaşaýarlar. Olar gündizine hinlerde dynç alyp, iňrik garalanda, gijesine aw edýärler. Seýrek ýagdaýda ir salkyn wagty aw edýän alajagözenlere hem duşmak bolýar. Alajagözeniň bedeniniň uzynlygy 28 — 35, guýrugynyňky bolsa 12 — 18 santimetr bolýar. Onuň tumşugy süýri, kellesi kiçi hem inçe, gulagynyň uly we ujunyň çüri, aýaklarynyň kelteden daýaw bolmagy ýyrtyjylaryň gemrijileriň süreniniň içinde hereket etmäge we gijesine aw üçin uzak ýerlere aýlanmaga uýgunlaşandygyny görkezýär. Gara-ala reňki ony gijesine töweregine çalymdaş edýär we ýyrtyjylaryň howpundan goraýar.

Tebigatyň sazlaşygy

Ähli janly-jandarlar elmydama tebigat bilen özboluşly sazlaşykda ýaşaýarlar. Olaryň ýaralanan ýa-da näsaglan wagtlary öz-özlerini bejerýändikleri barada käbir mysallar:

Gara leglek

Gara leglek leglekler maşgalasyna degişli guşdur. Ol daglarda, dag eteklerinde, derýa jülgelerinde we suwa golaý ýerlerde, medeni zolaklarda ýaşaýar. Bu guş uçup geçýän, käbir ýyllarda höwürtgeleýän guşlara degişlidir. Ýazyna fewral aýynyň ahyryndan apreliň soňuna çenli, güýzüne sentýabryň ikinji ýarymynda we oktýabrda uçup geçýär. Gara leglek daglardaky gaýalaryň gowaklarynda, kertlerinde höwürtge ýasanýar we onda 3-4 sany ýumurtga goýýar. Jüýjeleri 62-63 günläp höwürtgede ýaşaýarlar, soňra uçmaga başlaýarlar.

Jandarlar nähili uklaýarlar?

Delfinler hiç wagt uklamaýarlar. Emma olaryň dynç alýan wagtlary beýnisiniň diňe ýarysy işleýär, beýleki ýarysy bolsa dynç alýar.

Muny bilmek gyzykly

Sugun

Amyderýanyň kenaryndaky jeňňelligiň tebigy gözellikleri goralyp saklanýar we ylmy taýdan öwrenilýär. Ýakynda Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri bilen bilelikde iş saparynda bolduk. Şonda jeňňelligiň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri hem-de gören wakamyz bizde uly täsir galdyrdy. Gadyrly çagalar, şol waka sizi hem gyzyklandyrsa gerek.