Awstraliýada guýrugy lira (gadymy grek saz guraly) çalym edýän täsin guş ýaşaýar. Olar bu ýurduň belli bir çäginde: günorta ştaty Wiktoriýadan, günorta-gündogar ştaty Kwislende çenli aralykda duş gelýär. Liraguýruk bu töweregiň çygly ewkalipt tokaýlyklaryny, baýyrlyk we kert gaýaly daglyk ýerlerini ýaşamak üçin saýlapdyr.
Lira guş daglyk ýerlerde gyrymsy agaçlaryň tokaýlygynda, ýapraklaryň galyň düşelen ýerlerinde mekan tutunýar. Şeýle ýerlerde kert gaýalaryň uly jaýryklary kän. Çuň oýlar agaçlaryň ýapragyndan, çüýräp giden miwesinden ýaňa gar ýagandaky ýaly tekizlenýär. Adam-garanyň şunuň ýaly ötüp-geçmegi kyn geçelgelerine liraguýruk örän oňat uýgunlaşypdyr.