HABARLAR

Sen — bagtymyň ganatlary

«Duýgular ummany» hekaýatlar toplumyndan Seniň kalbyma haçan aralaşandygyňy, seni haçan söýüp başlandygymy hem anyk aýdyp bilmerin. Çünki haçan seniň yşk oduň kalbymy daglandygyny anyk bilmeýärin. Ony bilibem biljek däl. Indi ony diňe yşkyň dünýäsi bilýär. Syrly günler, yşk owazlary, mukamlary bilýär. Ol indi hiç wagt açyp bolmajak syra öwrülip, yşkdan doly dünýämize ömürbaky siňdi. Bakylyga tarap ädim ätdi.

Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň

Däbinde sylag bar, dessurda sarpa,Dostluk ýoly uzar ählije halka,Jebis, agzybirlik ýetirer bagta,Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň. Ula hormat goýmak, kiçini söýmek,Ýigidi gaýratly, gyzynda görmek,Atyny segredip, messana ýörmek,Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň.

Magtymgulyda peder waspy

Azerbaýjan Respublikasynyň Baku döwlet uniwersitetiniň türkologiýa kafedrasynyň professory Firuza Abdulla gyzy Agaýewanyň ady dünýäniň magtymgulyşynaslarynyň arasynda giňden bellidir. Onuň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlap ýazan ylmy makalalary Azerbaýjanyň hem-de Türkiýäniň, Hindistanyň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň ylmy neşirlerinde çap edildi. Ol Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan, rus we azerbaýjan dillerinde neşir edilen «Magtymgulynyň döredijiligi», «Nusgawy türkmen şahyry», «XVII asyr türkmen edebiýaty» ýaly kitaplaryň awtory hökmünde-de tanalýar. Firuza Agaýewa 2014-nji ýylda türkmen nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini daşary ýurtlarda giňden wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Magtymguly Pyragy» ýubileý medaly bilen sylaglandy. Biz gazetimiziň şu sanynda azerbaýjan alymy Firuza Agaýewanyň türkmeniň berkarar döwletli bolmak ýörelgesini ösdüren akyldar şahyr baradaky makalasyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Şygyr halamaýar saly gowşagy

Şahyryň sözi Edebiýat — döwrüň ýol görkezijisi, şahyrlar bolsa döwrüň baýdak göterijileri hasaplanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz beýleki ugurlar bilen birlikde, çeper edebiýaty ösdürmeklige, edebi mirasymyzy öwrenmeklige we wagyz etmeklige uly ähmiýet berýär. Şygyr bolup, ajaýyp eser bolup gelýän günler bolsa kalby joşgunly şahyrlarymyza ylham paýlaýar. Döwrümiziň waspy, döwletimiziň ýeten belent sepgitleri şygyr setirlerinde öz beýanyny tapyp, halkymyzy döredijilikli zähmete we bagtyýar geljege ruhlandyrýar. Milli şygryýetimiziň mylaýym mähri müňlerçe, millionlarça ýüreklere ornaşyp, şol ýüreklere halallygyň, ynsabyň, ruhubelentligiň şöhlesini çaýýar. Ynsan ýüregini şygyr ýaly mähremleşdirýän başga bir jadyly güýç, megerem, ýok bolsa gerek. Şonuň üçin-de şygryýetiň daragty bitewidir. Şol daragtyň kökleri halk durmuşynyň köklerinden yzgar alýar. Şygryýet daragtynyň bolsa ençeme şahalary bar. Biz okyjylarymyzdan we ýaş şahyrlarymyzdan gelip gowuşýan teklipdir islegleri nazara alyp, inçe lirika, milli pelsepä ýugrulan şol şygryýet daragtynyň şahalary dogrusynda söhbet etmek maksady bilen, “Şahyryň sözi” atly täze rubrikany açýarys. Bu rubrikada ussat şahyrlarymyzyň, edebiýatçy alymlarymyzyň mil

Şygryýet

Dowamat ýardyr Göbek ganyň, galpak saçyň dözülen,Türkmen Diýaryna keramat ýardyr.Ar-namysa, şirin jana deňelen,Bozgunç topragyna zyýarat ýardyr.

Kakamyň pili(hekaýa)

Ynha, biziň köçämiz. Oglanlykda oýnan ýerlerim. It duýgur bolýarmyş diýýärler. Şol çyn bolsa gerek. Öýümize ýetmänkäm, öňümden Alabaý ylgap çykdy. Güjükliginden öz ulaldan köpegim. Ol begenjine jotduja guýrugyny bulaýlap, dostlukly hyňranyp, boýnuma bökdi. Ýüzümi ýalady. «Haý, Alabaý, aýryl, aýryl, üst-başymy hapalaýaň. Penjeleriň palçyk ahyryn». Okuwa diýip gidenime ýarym ýyl bolupdyr. Az möhlet däl. Ähli zat biraz üýtgäpdir. Alma, erik, şetdaly... agaçlar, göwnüme bolmasa, ulalypdyr. Men üçünji synpa geçenimde, kakamyň şäherden ýörite ussa getirip, bişen kerpiçden gurduran dört otagly, öňi giňiş eýwanly jaýymyz bolsa könelişip, öňküsinden peselipdir. Belki, şäherde belent-belent ymaratlara gözüm öwrenişenliginden şeýle görünýändir.

Durmuş pelsepeleri

Durmuş hakda çuňňur oýlanyp pikir edip bilýän adam onuň ýagşysyna we ýamanyna şükür hem edip bilýändir. Ýagşy niýet-päliň bolsun ýoldaşyň,Goý, gül bagtyň büdräp, çökmesin laýa.Kynçylyga uçranyňda başyňa,Eden ýagşy işleň salsynlar saýa.

«Ölçerme odumy...» («Mätäji hakyndaky hekaýalar» toplumyndan)

Hally Mätäji şahyryňka gün guşluk boluberende bardy. Bu mahal şahyr üzümli haýatynyň içindäki işlerini birýüzli edip, işikdäki äpet zerdalynyň aşagynda palçykdan galdyrylan sekiniň üstünde nämedir bir zadyň pikirine gark bolup otyrdy. Haşamly derwezeden giren ýaş ýigidi görenden, onuň agyr pikiri düw-dagyn boldy. Ýüzi ýagtyldy. Ýeňillik bilen ýerinden turup, myhmanyny garşylady. — Geleweri, Hally jan, öten agşamdan bäri kararym ýetmän, şol bitakat bolup otyryn. Ekin bilenem, iş bilenem serim ýok. Küýüm-köçäm geçeni ýatlap, ýaşlykda düzülen şygyrlarymy birme-bir gaýtalap, öz ýanymdan:

Jelaleddin rumy we «türkmen gojasy»

Ýunus Emre Jelaleddin Rumyny özüniň ruhy halypasy hökmünde hormatlap, birnäçe şygyr setirlerini ýazypdyr: Möwlana söhbetinde saz bile eşret boldy,Aryf manyýa çümdi, çün biledir perişde.

Dürli ýyllaryň depderlerinden (Kerim Gurbannepesow)

Indi çärýek asyr bäri bu ýazgylar meniň iň ýakyn syrdaşyma öwrüldi. Olar dürli depderlerde, bloknotlarda, bölejik kagyzlarda, hatda otluçöp gaplarynyň ýüzlerinde emele geldiler. Men şu ýyl zähmet rugsady döwründe ol oýlanmalary, täsirleri, bellikleri täzeden gözden geçirdim. Tertibe saldym. Olardan çaklaňja kitapçalyk golýazma döredi.