Öz ukybyna göz ýetirip, ony ösdürmegiň, paýhasyňy ýiteltmegiň ugrunda gezýän adamlar — hakyky bagtly we durmuşda öz ornuny tapyp, göz öňüne getirýän ykbalyna eýe bolup bilýän adamlardyr.
Şeýle bir rowaýat bar. «Bir wagtlar Ýer ýüzünüň ähli ynsanlary örän güýçli, keramatly bolupdyrlar. Emma adamlaryň arasynda öz güýjüni, keramatyny hyýanatly peýdalanýanlary köpelip başlapdyr. Şonda Gudraty Güýçli adamlary adatdan daşary güýçden mahrum edip, ony elýetmez bir ýerde gizläp goýmagy makul bilýär. Şonda perişdeler: «Belki ummanyň iň çuň ýerinde goýarsyňyz» diýip maslahat berýärler, ýöne ol: «Günleriň birinde adam ummanyň iň çuň ýerine-de aralaşar» diýip, bu pikiri makullamandyr. Şondan soň ýene-de köp dürli pikirler aýdylypdyr, ýöne olaryň hiç biri göwnejaý bolmandyr. Ahyrsoňy: «Keramatly güýji adamyň özünde goýalyň, adam ol güýji hiç wagt özündedir diýip pikir etmez» diýen netijä gelipdir. Rowaýatda diýiljek bolunýan zat — adam öz başarnygyny, güýjüni irginsiz zähmeti, paýhasly hereketi bilen tapyp biler. Diňe yhlasly zähmet adama öz başarnyklaryna, güýç-kuwwatyna göz ýetirmäge kömek berip biler. Bu ajaýyp dünýäde kän işleri ýerine ýetirip bileris. Etmeli işlerimizi paýhas eleginden geçirip, oňat seljersek, ony durmuşa geçirmek islesek hem-de yhlasly zähmet çeksek, şol maksadymyza ýetip bileris.