Bulary bilýärmisiňiz?

14 Ýanwar 2021
1743

Biz gündelik durmuşda häli-şindi eşidip ýörsegem, käbir zatlaryň nämedigini aýdyň göz öňüne getirip bilmeýäris. Şonuň üçin olardan käbirine düşündiriş bermek artykmaçlyk etmese gerek.

Şamçyrag — rowaýatlara görä, garaňky gijede öz-özi ýanyp, ýagty saçýan gymmat bahaly daş, dür. Ol gije hem çyrag, ýagtylyk sözlerinden gelip çykypdyr. Güýçli ýagty bermese-de, garaňkyda ýanyp, özüni bildirýän daşlar häzirem ýok däl.

Şöhrat ABDYÝEW,
mirasgär.