HABARLAR

Rowaýatlar ummanyndan

Hatyň bezegi Owadan hat, hatyň dyngy belgilerini ýerbe-ýer goýmak sowatlylygyň bezegidir. Bu barada halkymyzda şeýle bir tymsal bar.

«Dört amalyň» döreýşi

Halypa şahyr Ata Köpekmergen halkymyzyň arasynda şahandaz, degişgen şahyr hökmünde tanalýar. Biz hem şahyryň inisi Orazmuhammet Çary oglunyň dilinden ýazylyp alnan «Dört amal» atly goşgynyň döreýşi hakyndaky wakany halkymyza ýetirmegi makul bildik. Oňa bu wakany Ata Köpekmergeniň özi gürrüň beripdir. «Bizi 1922 — 1923-nji ýyllarda Maryda mugallymçylyk mekdebinde Hüseýin Ependi diýen biri algebradan okadýardy. Men dört amaly bilsem-de, algebrany gowy bilmeýärdim, ozal dini mekdebinde paraýyzda okapdym. Sapagy bilmeýänligim üçin ol žurnalda maňa nol baha goýup ýörse nätjek. Menem bir gün mugallymyň tötänlikde galdyryp giden žurnalynda 2000, 3000, 5000, 7000 sanlary ýazdym. Ol ýazgylary görüp, allaniçigsi boldy-da:

Körpelere okap beriň!

Halaýan reňkim Gyzyl, sary, ýaşylmy,Ak, gara, gök, melemi?Men haýsyny halaýan,Bilýärmikäň sen ony?!

Bagt (polýak tymsaly)

Bu waka üç dogan bilen baglanyşykly. Olar hemişekileri ýaly, gün-güzeranyň gözleginde alys ýurtlara gitmegi ýüreklerine düwýärler. Ýöne maslahat edip, syýahata gezekli-gezegine gitmeli edipdirler. Düşnükli ýagdaý — ilki bilen uly dogan ýola düşýär. Egrem-bugram ýol bilen gidip barýan uly doganyň öňünden ullakan bir çukur çykypdyr. Seretse, çukuryň içinde kimdir biri otyrmyşyn. Uly dogan ondan: «Kim sen?» diýip sorasa: «Men — bagt» diýip jogap beripdir. Uly dogan geň galyp, çukura seredip duruberipdir. «Saňa näme gerek?» diýip bagt ondan sorapdyr. Uly dogan biraz pikirlenip: «Baý bolasym gelýär» diýip jogap beripdir. Bagt onuň aýdyşy ýaly edipdir.

Goňşa barýan ýoda

Gyşyň ilkinji dynç günleriniň birinde ýere düşen ak gar ir säher bilen bize garaşylmadyk uly sowgat bolupdy. Teleýaýlymlarda ýörite çagalara niýetlenen gepleşikleriň hiç birini sypdyrmaýan jigilerim beýle sowgady görüp, gepleşikden hem, onda görkezilýän multfilmden hem, hatda ertirlikden-de geçip, gar oýnamaga howlukdylar. Emma ertirlik edinmeseler oýnamaga goýberilmejegine gözleri ýetik jigilerim gyssanmaç saçagyň başyna geçdiler. Öýe gerek harajatlary almak üçin bazara tarap ýola düşen ejem bizden has ir turup, eýýäm çaý demläp goýupdyr. Maşgalada çagalaryň ulusy bolamsoň, gapydan çykyp barýan ejem maňa jigilerimiň ertirlikden soň meýdana gar oýnamaga çykyp biljekdiklerini aýtdy, kakam bolsa olara göz-gulak bolmagy we howlynyň garyny arassalamagy tabşyrdy. Ertirlik edinip, daşarda gar oýnamaga gyssanýan jigilerim dessine gyş eşiklerini geýinmäge başladylar. Gar oýnamaga doly taýyn bolan jiglerim bilen men hem kakamyň buýran ýumşuny ýerine ýetirmek üçin howla çykdym. Gapydan çyksak goňşularymyzyň çagalary eýýäm gar adamsyny ýasamak bilen başagaýdy. Meniň işime, şeýle-de ýoldan geçýän awtoulaglara päsgel bermez ýaly, jigilerime we olaryň dostlaryna howlynyň arka tarapyndaky giňişlik ýerde oýnamaklaryny tabşyrdym. Howlynyň içi gaty giň bolmasa-da, onuň garyny ar

Şygryýet bossany

Buýsançnama Bäş müň ýyllyk taryh bilen bütin dünýä tanalan,Parahatçylyk ýoly bilen ösýär ata Watanym!Ata-baba hoşniýetli ýoly bilen at alan,Parahatçylyk ýoly bilen ösýär ata Watanym!

Oba ýatlamasy

Çaryk buzda typýarmy ýa typanok?! Aýtdym-a, obadaşlarym hakynda gürrüň kändir diýip. Men olar hakda gürrüň edip ýadamok, gaýtam, lezzet alýan. Şonda özümem obama giden ýaly, obadaşlarym bilen duşuşan ýaly bolýan. Myrat aga hakda ýatlamag-a hasam gyzykly. Onuň obada ýörgünli ady Myrat mergendi. Myrat aga diýseň, obada başga-da Myrat atlylar bolansoň: «Haýsy Myrat?» diýip soraýardylar. Myrat mergen diýseň welin, hemmeler tanaýardy. Sebäbi Myrat mergen obada sylanylýan, hormat goýulýan ýaşulularyň biri bolupdy. Ol ir döwürde, uly ýaşlylaryň aýdyşy ýaly, köp adamlara ýardam edipdir. Ökde awçy bolansoň, daga awa gider eken, her gezegem 5-6 käkilik awlap gelýän eken. Birin-ä öz maşgalasy üçin ulanar eken, galanlaryny-da ekleýjisi urşa gidenleriň yzynda galyp, horluk çekýän maşgalalara paýlaýan eken.

Kadyr AŞYRMUHAMMEDOW

Türkmensiň Sabada ýaňlanar owazly azan,Dini-ygtykatly, halal türkmensiň.Gadym taryhyny sünnäläp ýazan,Asly adyl, gerçek illi türkmensiň.

Ömür keşdesi

(Hekaýa) Çeper gaýap oturan keşdesini ýene bir gaýta synlady. Onuň öwrüm-öwrüm gaňyrçaklaryny höwes bilen sypap goýberdi. Simden çekilen ýaly keşdeler onuň göwnüni göterdi. Birsellem olardan gözüni aýryp bilmän oturyşyna, ol içini gepletdi: «Muňa näme diýsemkäm? Öwrüm-öwrüm aýlanan keşdeler birhili ömür ýoluna çalymdaş. Belki, men muňa «Ömür ýoly» diýerin». Inçeden çekilen owadan keşdeleri synlap, öz-özünden, edýän işinden hoşallygyna buýsanyp, usullyk bilen ýerinden turdy. Çeper arassa howadan dem almak üçin penjiräni açdy-da, uzaklara nazar aýlady. Ho-ol aňyrda, şäheriň ileri gyrasyny jähekläp oturan baýyrlar onuň gözüne mährem göründi. Olary synladygyça, süýji ýatlamalar kalbyny heýjana saldy. Şol pursat ol özüni uzakdan görünýän gök baýyrlaryň goýnunda duýdy. Şobada türkmeniň joşup gelýän baharlarynda çym-gyzyl gülälekleriň arasyndan jyklaýan akja kömelekler, başyny adaja şemala ygşyldadyp oturan jümjümelerdir gelinçekler, ter tämiz howa onuň keýpini göterdi. Ýaýylyp ýatan gollardaky ajaýyp lälezarlyga perwaz urýan kebeleklerdir balarylar aýratyn gelşik berýärdi. Bu janly gudrat birbada onuň sussuny basdy. Onsoň ol şol gudraty has ýakyndan duýmak üçin onuň yzyny alyp ugrady. Ol şu pursat öz çekýän keşdelerini unudyp, şol d

Bossany giňişlige çakylyk

Şahyr Ahmet Mämmedowyň «Ylham ýaýlasy» atly kitabyny okap Görersiň kalbyny Ahmet Mämmediň,«Ylham ýaýlasyna» seýran eýleseň.Behişdiň müşk ysy başyň sämeder,«Ylham ýaýlasyna» seýran eýleseň.