Ömür keşdesi

21 Ýanwar 2021
2304

(Hekaýa)

Çeper gaýap oturan keşdesini ýene bir gaýta synlady. Onuň öwrüm-öwrüm gaňyrçaklaryny höwes bilen sypap goýberdi. Simden çekilen ýaly keşdeler onuň göwnüni göterdi. Birsellem olardan gözüni aýryp bilmän oturyşyna, ol içini gepletdi: «Muňa näme diýsemkäm? Öwrüm-öwrüm aýlanan keşdeler birhili ömür ýoluna çalymdaş. Belki, men muňa «Ömür ýoly» diýerin». Inçeden çekilen owadan keşdeleri synlap, öz-özünden, edýän işinden hoşallygyna buýsanyp, usullyk bilen ýerinden turdy. Çeper arassa howadan dem almak üçin penjiräni açdy-da, uzaklara nazar aýlady. Ho-ol aňyrda, şäheriň ileri gyrasyny jähekläp oturan baýyrlar onuň gözüne mährem göründi. Olary synladygyça, süýji ýatlamalar kalbyny heýjana saldy. Şol pursat ol özüni uzakdan görünýän gök baýyrlaryň goýnunda duýdy. Şobada türkmeniň joşup gelýän baharlarynda çym-gyzyl gülälekleriň arasyndan jyklaýan akja kömelekler, başyny adaja şemala ygşyldadyp oturan jümjümelerdir gelinçekler, ter tämiz howa onuň keýpini göterdi. Ýaýylyp ýatan gollardaky ajaýyp lälezarlyga perwaz urýan kebeleklerdir balarylar aýratyn gelşik berýärdi. Bu janly gudrat birbada onuň sussuny basdy. Onsoň ol şol gudraty has ýakyndan duýmak üçin onuň yzyny alyp ugrady. Ol şu pursat öz çekýän keşdelerini unudyp, şol duýgynyň yzynda ser-sepil bolup barşyna hiç zady duýanokdy. Töwerek-daşdaky gözelligem, gülleriň bark urýan hoşboý ysy hem onuň ünsüni bölüp bilenokdy. Sebäbi ol kalbynda dörän bu duýga düşünjek bolup heläkdi. Ýöne her näçe çytraşsa-da, oňa düşünip bilmedi. Gaýta, durşuna syr bolup duran durmuş oňa has çylşyrymly göründi. Öz duýgularyna berlen Çeper birsellem böwrüni diňläp durandan soň, sussuny az salymlyk basan duýgudan daşlaşyp, kalbynda joş alan ak arzuwlary gulaçlap başlady.

Ogulgerek USSAÝEWA,
žurnalist.