Daşary ýurtlaryň birinde şeýle bir zady ylmy tejribe arkaly anyklapdyrlar. Ýagny gara mallar fermasynda sygyrlara ýakymly saz eşitdirilip saglanda, olaryň süýdi adaty ýagdaýdaky saglandan köp berýändigi belli bolupdyr. Eýsem, bu biziň halkymyz üçin gadymdan belli hakykat dälmi näme?! Bizde sagymçy gelin-gyzlar tarapyndan ýakymly owaz bilen «Höwlim-höwlim!» diýip sygry, «Hörele, maýam hörele!» diýip, düýäni hüwdüläp sagmak adata öwrülen ýagdaý.
Halk paýhasynyň, tejribesiniň gazananlarynyň ylmyň we tehnikanyň açyşlary bilen gabat gelýän, haýran galdyryjy ýagdaýlary diňe bular däl. Ýapon alymlary suwy öwrenip, oňa ýakymly sözler aýdylanda, ýakymly saz ýaňlananda düzüminiň gowulanýandygyny anyklapdyrlar.