HABARLAR

Şygryýet bossany

Gerek däl Gözleriň gözlerme düşüp durmasa,Dünýäň başga baýlyk-bary gerek däl.Ömrüm barlygyňdan lezzet almasa,Onuň galan gylla ýary gerek däl.

Kerim Gurbannepesowyň «Edebiýat we durmuş» atly kitabyndan

Her bir awtor eseriniň mazmuny hakynda oýlanyp ýörkä, onuň ýerbe-ýer goýulmagy hakynda-da deň derejede pikir edýär. Bu ýöne ýerden däldir. Sebäbi çeper eserde kompozisiýanyň oýnaýan roly-da beýleki çeperçilik serişdeleriniň hiç haýsyndan pes oturmaýar. * * *

Ol muny duýmandy... (Esse)

meniň göz öňümde şol asman reňkli ala köýnegi bilen galypdy. Çärýek asyrdan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, şeýle reňkli köýnege gözüm düşende ýüregim ýerinden gozganyp giden ýaly boldy. Eýsem-de, ýüregimi şeýdip, ýerinden gozgadyp bilýän kimdi?! Men onuň henizlerem syr bolup galmagyny isleýärin. Ýöne haçanda söýgi söhbetleriniň gidýän ýerinde olara goşulyşyp, özümden biygtyýar dil ýaranymy, iň bolmanda asman reňkli köýnegi gowy görýändigimi, onuň diňe bir gyzlara däl, eýsem, ýigitlere hem juda owadan gelişýändigini aýdanymy duýman galýaryn. Ýeke gezek gürleşip görmedik hem bolsam, men onuň juda hoşniýetlidigini, göwnüniň açykdygyny bilýärdim. Ýöne gürleşip görmäge bahana ýa esas hem ýokdy. Ol menden bir synp ýokarda okaýardy. Öz synpdaşlary, deň-duşlary bardy. Dogrusy, ol goňşy obadan gatnap okaýardy. Men onuň bilen bir ulagda gatnap okaýan synpdaşlarymy hem bagtly görerdim. «Menem bu obada däl-de, goňşy obada ýaşaýan bolsam, onuň bilen bir ulagda gatnap bilerdim. Belki gürleşmek hem miýesser ederdi...» diýip, hyýaly dünýäde ýaşaýardym. Ulagyň sesini eşitdigim tisginip giderdim. Ondan böküp düşýän oglan-gyzlar bilen birlikde, gök köýnekli oglany ogrynça synlardym. Käýarym ulag wagtynda gelmän, olaryň daşarda durmaly bolýan wagtla

Kerwensaraý kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen ýylyň 18-nji dekabryndaky sanynda) — Görşeniňizde ýüz ýyllap görüşmedik ýaly, hoşlaşmaly bolanyňyzda ertir ýene görüşjek ýaly boluň. Bize edilen sargyt, bize miras goýlan edep şeýledir.

Şadessanyny halka ýetiren

Görogly etrabynyň merkezinde türkmen serkerdesi Görogly begiň atly buýsançly nazaryny uzaklara dikip duran heýkeli bar. Bu ýadygärlik her gezek deňesinden geçende: «Ogullarym, siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ýaşaýarsyňyz. Indi ýurt siziňki, bu döwleti ösdürmegem, özgertmegem size bagly» diýip duran ýalydy. Bu ýadygärlik «Görogly» eposyny halkymyza ýetiren Pälwan bagşy Ata hoja oglunyň we onuň 300 ýyl töweregi bagşyçylyk edip, bu dessany nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize ýetiren ata-babalarynyň hormatyna 2003-nji ýylda dikeldilip, beýik serkerdäniň ady hem etraba dakyldy. «Görogly» şadessanyny halka beren bagşy hökmünde türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynda hem Pälwan bagşa möhüm orun degişlidir. Sebäbi şindiki «Göroglynyň» esasy şahalary, ýagny 12 şahasy Pälwan bagşydan ýazylyp alnan nusgalardyr. Şonuň üçin «Göroglyny» öwrenýän alymlaryň hiç biri hem Pälwan bagşydan sowlup geçip bilmeýär. Pälwan bagşy türkmen halkynyň öňünde iňňän uly hyzmaty ýerine ýetiren şahsyýetdir.

«Görogly» eposy we aýdym-saz

Hormatly Prezidentimiziň: «Asyrlaryň dowamynda ussat bagşylaryň, ozanlaryň ýiti zehini, ylhamy hem-de pähimi siňen «Görogly» eposy şu günki jemgyýetimiziň ruhy dünýäsiniň şamçyragydyr, iň kämil medeni baýlyklarynyň biridir» diýip jaýdar belleýşi ýaly, «Görogly» eposy halkymyzyň gadymy, medeni baýlygy bolup, ussat dessançy bagşylarymyz tarapyndan halka ýetirilipdir. Wenger alymy A.Wamberi bu barada şeýle ýazýar: «Emma haýsy-da bolsa bir bagşynyň Göroglynyň ýa Aman mollanyň ýa-da gaty oňat görülýän Magtymgulynyň aýdymlaryny özüniň iki tarly tamdyrasynyň sesine goşup aýtmagy, türkmen üçin gowy hezillikdir. Toý-tomgada ýa-da ýönekeý bir üýşmeleňde... aýdýan wagtyny diňlemek miýesser gelen pursatlary meniň aňymda hiç haçan ýitmejek täsir galdyrdy». Görşümiz ýaly, eposyň ýaýramagynda bagşydyr sazandalaryň hyzmaty örän uludyr. Epos tutuşlygyna aýdym-saz sungatyna ýugrulan. Ondaky gahrymanlar ähli wakalary gazallaryň üsti bilen beýan edýärler. Dutar saz guraly bolsa eserde başdan-aýak baş gahrymanyň ýansyrdaşy, esasy ýaragynyň biri hökmünde görkezilipdir. Eposda dutar sözüniň gazma (gazma — gazmak işliginden, ýagny dutaryň tut agajynyň ýa-da erik agajynyň galyň böleginiň içiniň oýulyp, gazylyp ýasalýandygy üçin) diýlip, iki görnüşde atlandyry

Pursatlar

Men Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Italmaz Nuryýew bilen geçen asyryň 80-nji ýyllarynda tanyş bolupdym. Şol ýyllarda şahyryň sözlerine döredilen «Dillen, läläm», «Ýollar bizi duşurmazmy?!» ýaly aýdymlary ýaşlaryň söýgüli aýdymlaryna öwrülipdi. Şahyryň goşgulary ýurdumyzyň döwürleýin metbugatynda çap edilýärdi. Onuň bilen tanyşmagy arzuw edýärdim. Şol ýyllarda men Aşgabatdaky Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynda gaýybana okaýardym. Okuwdan boş wagtym Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine ýazan sahna eserimi alyp bardym. Bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, belli dramaturg Hudaýberdi Bäşimow redaktor wezipesinde işleýärdi.

Rowaýatlar ummanyndan

Hatyň bezegi Owadan hat, hatyň dyngy belgilerini ýerbe-ýer goýmak sowatlylygyň bezegidir. Bu barada halkymyzda şeýle bir tymsal bar.

«Dört amalyň» döreýşi

Halypa şahyr Ata Köpekmergen halkymyzyň arasynda şahandaz, degişgen şahyr hökmünde tanalýar. Biz hem şahyryň inisi Orazmuhammet Çary oglunyň dilinden ýazylyp alnan «Dört amal» atly goşgynyň döreýşi hakyndaky wakany halkymyza ýetirmegi makul bildik. Oňa bu wakany Ata Köpekmergeniň özi gürrüň beripdir. «Bizi 1922 — 1923-nji ýyllarda Maryda mugallymçylyk mekdebinde Hüseýin Ependi diýen biri algebradan okadýardy. Men dört amaly bilsem-de, algebrany gowy bilmeýärdim, ozal dini mekdebinde paraýyzda okapdym. Sapagy bilmeýänligim üçin ol žurnalda maňa nol baha goýup ýörse nätjek. Menem bir gün mugallymyň tötänlikde galdyryp giden žurnalynda 2000, 3000, 5000, 7000 sanlary ýazdym. Ol ýazgylary görüp, allaniçigsi boldy-da:

Körpelere okap beriň!

Halaýan reňkim Gyzyl, sary, ýaşylmy,Ak, gara, gök, melemi?Men haýsyny halaýan,Bilýärmikäň sen ony?!