HABARLAR

Ot başynda

Görünip dur obamyzdan agşamlar,Çopan ody belent dagdan ýaldyrap.Çagyrýan mysaly intizaryny,Ýa-da duran ýaly dosta gol bulap, Gör, haýsy çopanka oduň başynda,Süýji-süýji arzuw edip oturan.Lakyrdadyp kerkaw oda tüňçesin,Hyýala berilip daňyn atyran.

Dürli ýyllaryň depderlerinden

Dosta wepalylyk — adamyň iň belent häsiýetleriniň biri. Dost dostunyň hatyrasyna özüni agyr jepalara sezewar edip biler. Ýöne käbir halatlarda medalyň düzüw tarapyna gyzygyp, arka tarapyny ýatdan çykarýarys. Dostuň kim? Sen nämäniň hatyrasyna agyr synaglara özüňi sezewar etmeli? Dostuň hak işiniň hatyrasynamy? Ýa-da nähak işiniň hatyrasynamy?

Ibn Sina barada

Bir gezek Ibn Sinany hökümdaryň ýanyna çagyrypdyrlar. Hökümdaryň ogly uzak wagtlap kesel ýatan eken. Köşk lukmanlary hassa hiç bir däri-dermany tapyp bilmändir. Bu çakylygy kabul eden Ibn Sinanyň hassanyň keselini bejerişi üýtgeşik bolupdyr. Alym hökümdaryň ogluny seýilgählere aýlaýar, baglaryň kölegesinde oturyp gürrüňleşýär. Oňa diňe umumy berkidiji däri-dermanlar içirýär. Oglan bilen köp gezelenç edýär, ertir ir bilen köşge gelip, hökümdaryň ogluna bedenterbiýe maşklaryny etdirýär. Ibn Sina hyzmatkärlere howzuň düýbündäki hapa-hupalary aýyrdýar. Bagyň ortasynda ýerleşen howdan uzak ýyllaryň dowamynda suwdan doldurylman eken. Şeýdip Abu Aly oglanjyga suwda ýüzmegi öwredýär. Birnäçe aý geçenden soň, oglanjyk bütinleý sagalypdyr.

Durmuş pelsepeleri

Bizde çagalyk döwri arzuwlar, ýigitlik döwri duýgular, orta ýaşdan geçenimizde bolsa, esasan, pikirler agdyklyk edýär. Ynsan söýmek arkaly söýülmek mümkinçiligine eýe bolýar.

Magtymguly pyragy — köňülleriň şahyry

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip belleýän hem-de akyldar şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna çäksiz hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň nobatdaky Karary kalbymyzda egsilmez şatlygy döredýär. Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň dikeldilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda hem uly tagalla edýär. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2014-nji ýylda Magt

Ynamdar dost

Seniň bilen gyzyklanýan, saňa goldaw berýän, durmuşyňa gatnaşýan, duýgularyňa, kynçylyklaryňa, gazanýan her bir ýeňşiňe we şowsuzlygyňa biparh garamaýan adam seniň dostuňdyr. Ynsan durmuşynda, okuwda, her bir işde maslahata mätäç. Maslahaty oňa ata-ene, dost-dogan, mugallym ýa-da ýaşuly nesil berip bilýär. Bularyň içinde ýürege, kalba iň bir ýakyn, mähirdeş, syrdaş dostdur. Hakyky dosta ýürek syryň ynanylýar. Taryhda men-men diýen gerçekler özlerine ýürekdeş, wepadar dost gazanmaga uly ähmiýet beripdirler. Sebäbi jiger içre jan bolup biljek syrdaş dost gam-gussaňy çekişýär, begenjiňe şatlanýar. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy ýolunda durmuşyň islendik meselesine degişli nakyllar biziň häzirki günümizde altyna barabar hazynamyzdyr. Olaryň arasynda dostluk hakynda ençeme nakyl bar. «Dost başyňa iş düşende tanalar», «Dost-dostuň aýnasy», «Dost geňeşde belli»...

Şägirt

Il sylagly ýaşuly Jumamyrat Nazarowyň howlusy bu gün diýseň köp adamlydy. Gelenler: «Jumamyrat aga, toýlar gutly-mübärek bolsun! Tüweleme, agtygyňyz Abdylla harby okuw mekdebini tamamlapdyr. Onuň indi Watan goragçysy hökmünde uly abraýyň eýesi boljak günleri daşda däl» diýip, ýaşulyny agtygynyň üstünligi bilen gutlaýardylar. Sekiniň üstünde oturan zenanlaryň biri: «Ogul diýeniň Abdylla ýaly bolaýsa. Şeýle akylly, şeýlekin pespäl, edepli, basan ýerinden ot çykýan ýigidiň söýen gyzy nähilikä?» diýip sorady welin, olaryň arasynda oturan Zybagül atly gelin: — Abdyllanyň söýýän gyzynyň Aý diýseň, agzy bar, Gün diýseň, gözi bar. Ol bu görünýän gyzlaryň ählisinden owadan, özem giň gözýetimli, ýokary okuw mekdebini, çakym çak bolsa, ýene iki ýyldan tamamlaýar. Emma onuň adyny aýtmaga hakym ýok — diýip, onuň nagt jogabyny berdi. Onda bu ýerde oturan gelinleriň ýene biri:

Bulut

Nätjegimi bilemok,Men öýümi tapamok —Diýdi bulut azaşyp,Şemal bilen söz alşyp.Şemal oňa geň galdyHem düşündiren boldy:Eger sen dursaň ýagman,Seň öýüň bolar asman.Ýagyn bolup öwrülseň —Zemin bolar öýüň seň. Gözellik

Şadyýan çagalyk edebiýatda

Çagalygyň syrly dünýäsindäki unudylmajak wakalary biz özümiziň içki dünýämizde-de ýatlap bileris, ýöne bu barada öz ýatlamalaryňa ýakyn eserleri okanyňda, onuň täsiri has-da artýar. Mysal üçin, Berdi Kerbabaýewiň «Japbaklarynda» çagalaryň özüne çekiji häsiýetleri açylyp görkezilýär. Ýazyjynyň «Goňurjanyň hekaýasy» atly ertekisinde bolsa, mynasyp dost tutunmak barada aýdylýar. Edebiýatymyzda bir aýratynlyk bar. Çagalary terbiýelemek üçin ol eserlerde gahryman edip, ýazyjy adamyň özüni saýlaýar, emma käbir ýerlerde bolsa, bu usul az-kem özgerdilýär, ýagny ynsan häsiýetleri janly-jandarlaryň, tebigy zatlaryň üstüne ýüklenilýär. Aman Kekilowyň “Küýze we tilki” atly eserinde mekir tilkiniň görýän kösençliklerinden çagalaryň daşda bolmagy ündelýär. Çagalar edebiýatyny Kaýum Taňrygulyýewsiz göz öňüne getirmek mümkinem däl bolsa gerek. “Süýji bolýar ekip iýseň, maňlaý deriň döküp iýseň” atly goşgular toplumynda çagalar aň babatdan zähmete, bag ekmäge, işeňňirlige ugrukdyrylýar.

Bulary bilmek gyzykly

Dü­ýe­guş­lar at­lar­dan hem ýo­ka­ry tiz­lik­de yl­gap bil­ýär­ler. Zem­zen 100 ýy­la çen­li ýa­şap bil­ýär.