Şägirt

18 Fewral 2021
754

Il sylagly ýaşuly Jumamyrat Nazarowyň howlusy bu gün diýseň köp adamlydy. Gelenler: «Jumamyrat aga, toýlar gutly-mübärek bolsun! Tüweleme, agtygyňyz Abdylla harby okuw mekdebini tamamlapdyr. Onuň indi Watan goragçysy hökmünde uly abraýyň eýesi boljak günleri daşda däl» diýip, ýaşulyny agtygynyň üstünligi bilen gutlaýardylar. Sekiniň üstünde oturan zenanlaryň biri: «Ogul diýeniň Abdylla ýaly bolaýsa. Şeýle akylly, şeýlekin pespäl, edepli, basan ýerinden ot çykýan ýigidiň söýen gyzy nähilikä?» diýip sorady welin, olaryň arasynda oturan Zybagül atly gelin:

— Abdyllanyň söýýän gyzynyň Aý diýseň, agzy bar, Gün diýseň, gözi bar. Ol bu görünýän gyzlaryň ählisinden owadan, özem giň gözýetimli, ýokary okuw mekdebini, çakym çak bolsa, ýene iki ýyldan tamamlaýar. Emma onuň adyny aýtmaga hakym ýok — diýip, onuň nagt jogabyny berdi. Onda bu ýerde oturan gelinleriň ýene biri:

Abdylhalyk JUMADOW,
«Medeniýet» žurnalynyň bölüm müdiri.