Halallygyň gözbaşy

17 Fewral 2021
816

Zenana, enä hormat goýmak gadymy däplerimiziň biridir. Ilhalar perzentleri ýetişdirýän eneleriň il içinde sarpasy belentdir. Halkymyzyň baý taryhyna göz aýlanyňda, türkmen zenanlarynyň mertebesine, beýik ykbalyna buýsanýarsyň. Togrul begiň aýaly Altynjan hatyn ata çykyp, söwer ýaryny ýesirlikden boşadan, il-gününe hemaýat eden gaýratly zenan hökmünde taryha giripdir. XI asyryň ahyrlarynda, XII asyryň başlarynda ýaşap geçen Seljuk türkmenleriniň soltany Soltan Sanjaryň aýaly Türkan hatyn adamsyna döwleti dolandyrmakda, ýurduň medeniýetini ösdürmekde ýakyndan ýardam beripdir. Asyllylygy, parasatlylygy, söze çeperligi bilen uly hormata mynasyp bolan Mähesti şahyr, XV asyrda ýaşap geçen Mähri hatyn ýaly ajaýyp zenanlarymyz şygyrlary bilen edebiýatda, taryhda mynasyp yz galdyrypdyrlar. Arkama-arka aýlanyp, nesilme-nesil geçip gelýän pähimler terbiýeçilik mekdebiniň özboluşly ýollaryny goýupdyr. Edep-terbiýe meselesinde gyz maşgalanyň terbiýesi aýratyn orun eýeleýär. Gyz maşgala işe ýarandan onuň el işine ünsüni gönükdirmek hem milli terbiýäniň bir usulydyr. Çünki juda inçe, çylşyrymly çekilýän keşdeler ünslüligi, sabyr-takatlylygy, agraslygy terbiýeleýär. Şol bir wagtda bu iş çaganyň çeper döredijiligini, ukyp-başarnygyny, owadan, gowy zady saýlap bilmek, geýinmek medeniýetini hem ösdürýär. Milli el işleridir öwütler bilen terbiýelenen gyz maşgalalar biri-biri bilen bäsleşip, kämil nusgalar döredipdirler. Kemine şahyryň «Meniň dilim, seniň eliň hünäri, nusga bolup galsyn ilden-illere» diýen setirlerinde on barmagyndan dür dökülýän gözelleriň el hünärini çeper döredijiligiň naýbaşysy bolan şygyr sungaty bilen deňemeginde uly many bar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly kitabynda ýerleşdirilen rowaýatlaryň birinde bir gyzyň uly gelnejesiniň hemme işi taýýar edip berşine kaýyl bolup, lälik ösüşi, kiçi gelnejesiniň oňa iş öwretjek bolup jan çekişi gürrüň berilýär. Elbetde, gyz üçin uly gelnejesi eziz görnüpdir. Emma durmuşa çykyp, gelin bolup baran öýünde hiç bir işi başarman, muny boýun almaga hem utanyp, kiçi gelnejesiniň öwretjek bolanlaryny ýatlap, bolşuna görä öý işini edişi, «Wah, edip beren ýeňňemden, edep beren ýeňňem gowy eken» diýip ahmyr edişi barada täsirli beýan edilmegi ýaş gyzlaryň durmuşa çynlakaý çemeleşmegine itergi berýär. Bu hem biziň terbiýeçilik ýörelgelerimiziň kämil derejesini görkezýär. Şonuň üçin häzirki ösen döwrümizde hem milli terbiýäniň şeýle asylly ýörelgelerini dowam etmäge uly üns berilýär. Süňňi sagat, lebzi halal, edep-ekramly, hoş gylyk-häsiýetli, gözel ahlakly nesli ösdürmek, ýetişdirmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Çaga dogry terbiýe bermegi başarmak durmuşa giňden düşünmegi hem-de ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Adamda ýaramaz endikleriň bolmagy köplenç halatda, çagalykda berilýän ýalňyş terbiýäniň netijesi bolup durýar. Terbiýäniň iň ýagşysynyň görelde görkezmekdigine esaslanýan milli terbiýeçilik ýörelgelerimiz bar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň ýaş nesle görkezýän nusgalyk göreldesi her birimiz üçin ýörelgedir. Maşgalanyň we döwletiň esasy aladasy ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämil, medeniýetli bolmagy we oňat bilim almagy üçin şertleri döretmekdir. Terbiýe meselesinde milli terbiýeçilik ýörelgelerimize esaslanmak, ýaş nesli ahlak gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, şol bir wagtyň özünde hem döwür bilen sazlaşykly ösmegini gazanmak arkaly körpe we ýaş nesillerimizi döwrebap terbiýelemek her bir maşgalanyň hem-de döwletiň gaýragoýulmasyz wezipesi bolup durýar.

Çynar MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.