HABARLAR

Oýan, bahar geldi! (Oýlanma)

Säher bilen paý-pyýada ýöräp barýaryn. Gök otlar gögerendigini, miweli baglar gülländiklerini hoşboý ysy bilen «habar» berdiler. Suratkeş bolaýsaň, gitseň ýaşyl bürenen düzlere. Kagyz ýüzüne geçiräýseň bu ata Watanyň tebigatynyň ajaýyplyklaryny. Hä diýmän Nowruz baýramçylygy geler. Semeni gaýnadýan gyz-gelinleriň gazany bulap durkalar aýdýan ýagşy dilegleri, olara özüniň «edermendiklerini» odun owradyp subut etjek bolýan ýigitleriň hereketleri, düzlerde peýwagtyna otlap ýören goýunlary, çarpaýa galyp kişňeýän bedewleriň sesleri, mülküne nätanşyň gelendigini «wowf-wowfy» bilen habar berýän türkmeniň alabaýlary... bularyň hemmesi bu topraga baharyň gelendigini buşlaýar. Goňşymyzyň howlusyna bäş-alty bolup üýşen zenanlar ber-başagaý bolup semeni gaýnadýardylar. Agamyň: «Gelnejeň gelsin öýe!» diýen hökümli sözlerini «eýesine» ýetirmek üçin olaryň ýanyna bardym. Edep bilen salam berdim. Hemişe çagalary özüniň haýbaty bilen «ürküzip» ýören Sona daýza salamym-a aldy welin, yzyny bolsa maňamy, ýa töweregindäki oýnap ýören çagalaramy, anyk bilemok — kinaýaly sözlerini diýmäge başlady:

Şygryýet bossany

EJEME Seniň beren söýgiň ornan kalbyma,Çyrmaşygyň çyrşyp ornaýşy ýaly.Gylyklaryň siňip giden janyma,Suwlaryň topraga siňişi ýaly.

Täze goşgular

RubagylarIki pälwan orta göreşe çykdy,Biri daýanykly, biri arrykdy.Tutluşykda emel hem hile bilenÇepiksi diýenmiz daýawy ýykdy.* * *Toýlaryň bezegi ozan, bagşydyr,Döwräni bezeýän söhbet ýagşydyr.Märekede dogry sözläp bilmeseň,Sepiňi syzdyrman dyman ýagşydyr.* * *Bilbil deý ýakymly saýramaz serçe,Gyjagyň owazyn bermez kemençe.Seteran goýsalar on gyzy, läläm,Barysy birigip bolmaýar sençe!* * * Günler günler bilen sapylýan eken,Her günde özgeriş tapylýan eken.Eger-de ykbalyň gaýtgyny bolsa,Öz itiň özüňe topulýan eken.* * * Ekiniň hasylly bolmagyn isle,Dokmaňyzlyk ynam, buýsançdyr nesle.Ýeňleslik hiç haçan oňlanýan däldir,Suwda gaýýan tohum gögermez asla.* * * Dert gelýändir hetden aşa doýmakdan,Kanagatyň gidip, geçeňde çakdan.Tagamlaryň hersi melhemdir, derman,Erkli bolsaň şypa geler iýmekden.* * * Täsin ýeri, oňuşmansoň bu serde,Iki gulak ýerlemändir bir ýerde.Burun iki göze kazy bolupdyr,Goýmasyn diýp biri-birini derde.* * *  Beýge çyksaň, seretmegin yzyňa,Ynam bilen berk ýapyş-da dyzyňa.Öňdenem, yzdanam bolma tamakin,Maksadyňy hemra edip özüňe.* * *  Suwa girme erkin ýüzüp bilmeseň,Du

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň göreldeli waspçysy» atly bäsleşige

DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI Aňyrdandyr türkmenleriňDöwletlilik ýörelgesi.Günbe-günden alýar gerim,Döwletlilik ýörelgesi.

Kitap — adamzadyň ruhy baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen halkynyň taryhyny, dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öwrülen maddy-ruhy mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak, olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek ylmyň öňünde durýan wajyp meseleleriň biridir» diýýän sözleri ýurdumyzyň ähli pudakdaky işgärleriniň baş şygaryna öwrüldi. Milli mirasymyzyň genji-hazynalaryny özünde saklaýan kitaba gadyr goýmak, oňa aýawly çemeleşmek her birimiziň borjumyzdyr. Çünki kitap uzak ýyllardan bäri adamyň ygtybarly dostudyr. Şonuň üçin kitap mukaddesdir. Kitap diňe bir ylmyň ýoly bolman, eýsem, dostluk-doganlygyň hem ýoludyr.

Ejeme

Bilýäňizmi? Biz siz bilen,Owadan hem görkli bolduk.Ýene bir zat, unutmaň hiç,Mizemejek örkli bolduk. Ykbalyň gülüp bakdygy —Hakdyr eneleň bagtlygy.Kynçylyklaryň artdygy,Synman, gaýta erkli bolduk.

Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň

Uzak menzilleri aşyp gelendir,Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň.Paýhas dänelerin seçip gelendir,Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň. Sakasynda Oguz, Gorkut durandyr,Pederlerden galan sargyt durandyr.Binýadyny juda berkden gurandyr,Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň.

Zenanlar dünýäni dolandyrýarlar...

Ene! Bu üç harpdan ybarat ýönekeýje sözüň aňyrsynda umman ýaly çuň, bahar meýlisinde seýrana çykylýan, gülli-gülälekli türkmen sährasy ýaly giň many ýatyr. Eneler hakynda gürrüň gozgalanda tutuş düýrmegiň bilen mähre gaplananyňy özüň hem duýman galýarsyň. Eneleriň näderejede mukaddesdigini aýtmaga, hatda sözler hem ejizlik edýär. Megerem, ene mukaddesligini diňe Watan mukaddesligi bilen deňeşdirmek mümkin. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitaby okanyňdan soň, has hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Türkmeniň millet hökmünde kemala gelmeginde türkmen zenanynyň aýratyn orny bar. Perzent dünýä inenden başlap, ene hüwdüsi, ene söýgüsi, ene mähri bilen terbiýelenýär. Çaga enäniň dünýägaraýşyndan — dünýägaraýyş, häsiýetinden — häsiýet, zehininden — zehin alyp kemala gelýär. Durmuş hakykatynda şol çaga ýetişeninden soň hem, jemgyýet bilen aragatnaşygyny öz enesiniň beren hazynasyny — häsiýetini, edep-terbiýesini ösdüren ýagdaýynda kämil dowam edip bilýär. Ene bilen atanyň terbiýesini çaganyň kalbynda maşgala mukaddesligine, adamzat gatnaşyklaryna bolan hormat ynsanperwerligiň, bagtyýar ýaşaýşyň, belent adamkärçiligiň akabasy hökmünde bütin ömür dowam

Dünýäni söýenler dünýäden gitmez...

Ynha, ynsan kalbyny heýjana salýan ýaz pasly hem geldi. Aslynda, ýaz paslyny Gurbannazar şahyry ýatlaman garşylamak mümkin däl. Sebäbi ol, hut ýaz paslynyň ilkinji güni dünýä inipdi. Gurbannazar Ezizowyň gülşen şygryýeti edebiýat bossanynda aýratyn şöhle saçyp dur. Çünki şahyryň her bir setirinde janlylyk bar, täzeleniş bar, ynsanyýete, külli barlyga bolan bimöçber söýgi bar.

Bosaga

Aýak bitip, ilki saňa büdredim, Ilkinji sapagy şeýdip aldym men.