HABARLAR

«Halk hazyna» hojalyk jemgyýeti – jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş

Bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki zaman şertlerinde hormatly Prezidentimiziň örän oýlanyşykly başlangyçlary esasynda hususy ulgamyň ösdürilmegine uly ünsüň berilmegi ýurdumyzda öndürilýän önümleriň önümçilik depgininiň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler bolsa türkmen telekeçileriniň importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürmeklerine giň ýol açýar. Bu babatdaky işler senagat ugurly önümçilikde hem üstünlikli alnyp barylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän «Halk hazyna» hojalyk jemgyýeti dürli görnüşdäki we göwrümdäki plastik gaplaryň önümçiligini ýola goýdy. Kärhanada buýurmalar esasynda süýt we süýt önümleri, himiki serişdeler üçin niýetlenen plastik gaplar öndürilýär. Şeýle hem «Halk hazyna» hojalyk jemgyýeti müşderileriň islegine görä, gaplara haryt nyşanyny çap etmek işlerini hem alyp barýar. Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan kärhanada çap ediji enjamyň kömegi esasynda ofset usulynda plastik gaplara harydyň nyşany çap edilýär.

Merkezi Aziýa: Hoşniýetli goňşuçylyk. Ynanyşmak. Giň gerimli sebit hyzmatdaşlygy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bu sebitiň döwletleriniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynda täze gözýetimleri, giň mümkinçilikleri açar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu taryhy duşuşyk sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, milli önümleriniň halkara sergisi, milli tagamlarynyň festiwaly we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti bilen utgaşar. Merkezi Aziýa Ýewraziýanyň merkezinde, geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly 3 million 882 inedördül kilometr çäkde ýerleşip, umumylykda 75 milliondan gowrak ilaty özüne birleşdirýär. Bu sebit ösen medeniýetleriň ojagy, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm şahalarynyň çatrygy we hoşniýetli goňşuçylygyň nusgasy hasaplanýar. Merkezi Aziýa we Hazar basseýni sebitlerine Ýewraziýada strategik durnuklylygyň mäkäm halkasy, Ýewropa hem Aziýa ýurtlary üçin geljegi uly bolan ykdysady hyzmatdaş, yklymyň iri energetika, ulag merkezi hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem daşarky ykdysady we syýasy merkezler t

Hususy telekeçilik aýdyň ösüşleriň hatarynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ösýän ýurdumyz Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň içinde söwda ulgamynda örän belent sepgitlere ýetdi. Ýurdumyzyň çäginde ilata hödürlenilýän harytlaryň görnüşleri düýpli artyp, bazar bolçulygy döredildi. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizi ösdürmekdäki alyp barýan işlerine laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaldyp, hususy pudagyň ýokary hem-de netijeli önümleri öndürmegi üçin döwlet tarapyndan goldaw-hemaýat berilmegi bilen, bu günki gün harytlarymyzdaky «Türkmenistanda öndürilen» diýen ýazgyly türkmen önümlerimiz häzirki döwrümizde bazarlarymyzyň naýbaşy önümleri bolup durýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda we şol sanda Aşgabat şäheri boýunça bazarlar birleşigi tarapyndan wajyp işler durmuşa geçirilýär. Bazarlar birleşigine degişli söwda nokatlarynda azyk we hojalyk harytlaryň, miwedir gök-bakja önümleriniň dürli görnüşleri halkymyza elýeter bahadan ýetirilýär. Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçýän ýurdumyzda hususy telekeçiligiň işini ilerletmegiň esasy wezipesi ýokary durmuş we ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda hususy önüm öndürijilere hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilip, bu günki gün olar ýurdumyzyň ykdysadyý

“Şatumaryň” ýeňişli ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk çygrynyň — hususyýetçiligiň ösdürilmegine uly üns berilýär. Soňky ýyllarda telekeçiligiň ösdürilmegine döwlet tarapyndan goldaw berilmegi bu ugruň depginli ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Indi ýurdumyzda telekeçileriň bitirýän işleriniň netijesinde haryt bolçulygyny döretmekde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri we harytlary öndürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Wekilbazar etrabynyň J. Atajanow geňeşliginde ýerleşýän “Şatumar” hususy kärhanasynyň telekeçileriniň bitirýän işlerem ýokarda ýatlanymyzy subut edýär. 2009-njy ýylda esaslandyrylan bu hususy kärhanada ilatyň köp sarp edýän harytlary, has takygy, durmuşda gündelik ulanylýan harytlar öndürilýär. Kärhananyň önümçilik bölümlerinde egin-eşikleri ýuwujy, ýumşadyjy we agardyjy ýokary hilli serişdeler öndürilip, alyjylara hödürlenilýär. Şeýle hem bu kärhanada gap-gaçlary, penjireleriň aýnalaryny ýuwujy we otagyň içine ýakymly ys beriji serişdeler öndürilýär. “Şatumar” hususy kärhanasynyň öndürýän önümleriniň görnüşleri barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly, bu ýerde şampunlaryň, suwuk sabynlaryň, diş

Döwrüň hereketlendiriji güýji

Soňky ýyllarda ýurdymyzyň ykdysadyýetinde döwlete dahylly däl pudaklaryň tutýan orny barha berkeýär. Türkmenistanly telekeçiler çylşyrymly önümçiligi özleşdirýärler we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermeginiň netijesinde hususyýetçileriň işleri ýylsaýyn ilerleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi barada maddanyň girizilmegi bu ugruň ösdürilmegine uly itergi beren bolsa, «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hususyýetçiligi dolandyrmagyň hukuk esaslaryny goýdy. «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem-de onuň güýje girizilmegi bolsa telekeçilik işiniň çygryny giňeltmäge mümkinçilikleri has-da artdyrdy. Telekeçiligiň ösdürilmegini Garaşsyzlyk ýyllarynyň esasy aýratynlyklarynyň biri diýip aýtmaga doly esas bar. Ýurdumyzda amala aşyrylan we dowam etdirilýän gurluşyklaryň köpüsinde hususy pudagyň mynasyp paýy bar. Olar senagat, gurluşyk önümlerini, ilatyň sarp edýän harytlaryny öndürmäge hem saldamly goşant goşýarlar. Içerki bazarda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde, da

Üstünligiň açary. Otuzynjy söhbet

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. «AKYL KARTASY» USULY.   Taým-menejment boýunça ýerine ýetirmeli işleriň ählisini gözüň öňünde taýýar görnüşde görmek üçin ýörite usul döredilendir. Ol usul «Akyl kartasy» usulydyr. Oňa başgaça «Intellekt-karta» hem diýilýändir.

Üstünligiň açary. Otuz birinji söhbet

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. «ZERO INBOX» USULY. Taým-menejmentde giňden ulanylýan usullaryň ýene-de biri «Zero inbox» usulydyr. Bu usul internet sahy-palaryny ulanýanlaryň işlerinde has köp peýdalanylýar. Has takygy, elektron bukjada bu usulyň ulanylyşyny görüp bolýar.

Diýarymyzyň «Miweli ülkesi»

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda olaryň işini höweslendirmek, döwlet tarapyndan goldaw berilmegini kämilleşdirmek, şeýle hem täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Biz hem kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň çäklerinde ykdysady we durmuş ösüşi bilen öňe saýlanmagy başaran tanymal telekeçi, «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Maksatmyrat Gurbanmuhammedow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Esasy maksat — ýokary hil

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir gününi ýokary zähmet üstünlikleri bilen besleýän Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Parfiýa — Gurluşyk» hususy kärhanasynyň unaş önümlerini öndürýän bölüminiň işgärleri önümleriň mukdaryny artdyrmak bilen, hiliniň talabalaýyk bolmagyny, şeýlelikde, kärhananyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyny gazanýarlar. Bölümde işler döwrebap guralyp, halkyň köp isleg bildirýän unaş önümleriniň onlarça görnüşi taýýarlanýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar oturdylan bölümde ýokary hilli unaş önümleriniň her günde 1 tonnasy öndürilýär. Önümler 1 — 5 kilogram möçberde gaplanylyp, «Uzboý» haryt nyşany bilen elýeterli bahadan ilata ýetirilýär. Kärhananyň öndürýän ýokary hilli önümlerine diňe bir welaýatyň çäklerinde däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem uly isleg bildirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge berýän goldawyna özleriniň mynasyp zähmetleri bilen jogap berýän bölümiň işgärleri ilatyň unaş önümlerine bolan isleglerini yzygiderli öwrenmek bilen, önümleriň hilini ýokarlandyryp, mukdaryny barha artdyrýarlar. Gazanylýan üstünlikler b

Telekeçilik işine döwlet goldawy

Ýurdumyzda telekeçilere maliýe goldawlarynyň berilmegi hususy ulgamy ösdürmek boýunça döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda telekeçilik işine döwlet goldawyny bermek, täze iş ýerlerini döretmek, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan fiziki şahslaryň — hususy telekeçileriň başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda gol çeken Karary möhüm ähmiýete eýe bolup, ol dünýäde dowam edýän çylşyrymly şertlerde ykdysady ösüşlerimiziň durnuklylygyny saklamaga, ilatyň iş üpjünçiligini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet karz edaralaryna öz we çekilen serişdeleriniň hasabyna ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan fiziki şahslara — hususy telekeçilere olaryň telekeçilik işine maliýe taýdan goldaw bermek üçin, Türkmenistan boýunça bellenen iň pes aýlyk zähmet hakynyň 500 essesine çenli möçberde ýyllyk 5 göterim bilen, esasy bergini üzmek boýunça 2 ýyl ýeňillikli döwri bolan 7 ýyl möhlete karzlary bermegi üpjün etmek bellenildi.