Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bu sebitiň döwletleriniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynda täze gözýetimleri, giň mümkinçilikleri açar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu taryhy duşuşyk sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, milli önümleriniň halkara sergisi, milli tagamlarynyň festiwaly we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti bilen utgaşar.
Merkezi Aziýa Ýewraziýanyň merkezinde, geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly 3 million 882 inedördül kilometr çäkde ýerleşip, umumylykda 75 milliondan gowrak ilaty özüne birleşdirýär. Bu sebit ösen medeniýetleriň ojagy, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm şahalarynyň çatrygy we hoşniýetli goňşuçylygyň nusgasy hasaplanýar. Merkezi Aziýa we Hazar basseýni sebitlerine Ýewraziýada strategik durnuklylygyň mäkäm halkasy, Ýewropa hem Aziýa ýurtlary üçin geljegi uly bolan ykdysady hyzmatdaş, yklymyň iri energetika, ulag merkezi hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem daşarky ykdysady we syýasy merkezler tarapyndan Merkezi Aziýa bolan gyzyklanma ýylsaýyn artýar.