“Şatumaryň” ýeňişli ýoly

4 Awgust 2021
2284

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk çygrynyň — hususyýetçiligiň ösdürilmegine uly üns berilýär. Soňky ýyllarda telekeçiligiň ösdürilmegine döwlet tarapyndan goldaw berilmegi bu ugruň depginli ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Indi ýurdumyzda telekeçileriň bitirýän işleriniň netijesinde haryt bolçulygyny döretmekde, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri we harytlary öndürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Wekilbazar etrabynyň J. Atajanow geňeşliginde ýerleşýän “Şatumar” hususy kärhanasynyň telekeçileriniň bitirýän işlerem ýokarda ýatlanymyzy subut edýär. 2009-njy ýylda esaslandyrylan bu hususy kärhanada ilatyň köp sarp edýän harytlary, has takygy, durmuşda gündelik ulanylýan harytlar öndürilýär. Kärhananyň önümçilik bölümlerinde egin-eşikleri ýuwujy, ýumşadyjy we agardyjy ýokary hilli serişdeler öndürilip, alyjylara hödürlenilýär. Şeýle hem bu kärhanada gap-gaçlary, penjireleriň aýnalaryny ýuwujy we otagyň içine ýakymly ys beriji serişdeler öndürilýär. “Şatumar” hususy kärhanasynyň öndürýän önümleriniň görnüşleri barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly, bu ýerde şampunlaryň, suwuk sabynlaryň, diş ýuwulýan pastalaryň, el ýumşadyjy kremleriň, atyrlaryň ençeme görnüşleri ilata hödürlenilýär. Bulardan başga-da, kärhananyň telekeçileri hapa suw akýan turbalary arassalaýjy erginleri öndürmek bilenem bähbitli işleri bitirýärler. Şonuň ýaly--da kärhanada çyglandyrylan süpürgiçleriň 12 görnüşi ilata hödürlenilýär. Bu ýerde öndürilýän harytlar “Şa”, “Emir”, “Ýunus”, “Tumar”, “Dana”, “Era”, “Ses” haryt nyşanlary bilen alyjylara ýetirilýär.