HABARLAR

Hususy pudagyň batly gadamlary

24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakalaryň biri bolup, onuň barşynda milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagyny ösdürmek babatda-da belent wezipeler kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyz umumymilli forumda eden çykyşynda maliýe bazaryny ösdürmegiň, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagyň döwrüň talabydygyny aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň, jemi içerki önümiň öndürilişiniň durnukly ösüş depgini saklanyp gelýär. Diýarymyzyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynda hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda giň gerimli işler alnyp barlyp, şu ýylyň dowamynda dürli maksatly binalardyr desgalaryň ençemesiniň açylyp ulanmaga berlendigini nygtamak gerek. Olaryň gurluşygynda hususy düzümler aýratyn işjeňlik görkezdiler. Şu ýylyň geçen dokuz aýynda welaýatyň çäginde hususy ulgamyň wekilleri tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynyň has köp gu

Täze kärhana, täze önümçilik

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda açylyp ulanmaga berlen saglygy goraýyş maksatly täze binalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurlan, buýan kökünden derman serişdesini, ýagny glisirrizin turşusyny öndürmäge niýetlenen täze kärhananyň binalar toplumy hem bar. Mundan iki ýyl öň hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny» hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply derman serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Karara gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, Türkmenabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» agrosenagat toplumynyň buýan köküni gaýtadan işläp, ýylda 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasyny ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak işleri meýilleşdirildi.

Lionel Messi «Messi Fragrances» atly atyryny çykardy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Lionel Messi «Messi Fragrances» ady bilen öz atyr hataryny işe girizdi. Ilkinji hoşboý ys «Leo Messi Eau De Parfum» boldy. Ol 10-njy oktýabrda 100 millilitr üçin 105 amerikan dollary baha bilen satuwa çykarylar. Sowgatlyk toplumynyň bahasy 120 amerikan dollaryna barabar.

Her kim özüniň bagbany

Durmuş her adama özboluşly ykbaly bagyşlaýar. Şahyryň: «Biz herimiz özümiziň zergärimiz,

Kärhananyň işi ileri

Ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli hojalyk himiýasy önümleri dünýä bazarlarynda hem mynasyp orun alýar. «Türkmen Berk-Metal» hususy kärhanasy-da şeýle islegli önümçiligi ýola goýmak bilen, ony barha ilerledýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhananyň ýuwujy serişdeleri öndürýän we gaplaýan zawody 2019-njy ýylyň mart aýynda açylyp ulanmaga berildi. Häzirki wagtda onda işçileriň 150-si öndürijilikli zähmet çekýär. Italiýa, Germaniýa, Türkiýe ýaly ýurtlaryň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kärhananyň ýyllyk kuwwaty ýuwujy serişdeleriň 50 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Bu ýerde ähli işler kompýuterler arkaly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýar. Önümleriň ýokary hilli bolmagy üçin desganyň çäginde merkezi barlaghana hereket edýär. Onda öndürilen önümleriň we ulanylýan çig mallaryň hilini barlamak işleri innowasion enjamlar arkaly geçirilýär. Işläp başlanyna ýaňy 5 ýyl bolan kärhananyň önümleriniň Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Russiýa, Estoniýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlara eksport edilýändigi has-da guwandyryjydyr.

«Nurly Aý» edýän işi göwnejaý

Her gezek birmeňzeşje geýnip, ak mekdebe barýan döwrümiziň bagtyýar nesillerini göreniňde, göwnüň galkynyp gidýär. Olaryň boý-syratlaryna özboluşly gelşik berýän okuwçy lybaslarynda nazaryň eglenýär. Jaňyň kakylaryna mähetdel mekdep okuwçylarynyň hersi öz synp otagyna baryp, bilimler dünýäsiniň syrly sahypalaryny agdaryp başlaýar. Ýene bir bölegi birmeňzeş sport eşiklerini geýnip, mekdebiň sport zalynda dürli bedenterbiýe maşklary bilen meşgul bolýar. Iş lybasyndaky oglan-gyzlar bolsa ýörite niýetlenen otaglarda zähmet sapagyny geçýärler. Mekdep durmuşyny agzamak bilen biz döwrümiziň nesillerini okuwçy lybaslary, sport eşikleri bilen üpjün edýän telekeçiler barada söhbet etmek isledik. Ýurdumyzyň hususy pudagynda hereket edýän şeýle önümhanalaryň biri Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýär. Ýaş telekeçi Maýsa Anzarowanyň ýolbaşçylygyndaky «Nurly Aý» tikinçilik öýünde, hakykatdan-da, işler göwnejaý ýola goýlupdyr. Ol ýerde mekdep okuwçylary üçin lybaslaryň, sport eşikleriniň, şeýle-de körpe nesil üçin egin-eşikleriň her aýda on müňden gowragy öndürilýär.

Baý ka­kam, ga­ryp ka­kam

Robert KIÝOSAKI,amerikan ýazyjysy Bu kitap ene-atalara — çagalaryň iň esasy mugallymlaryna bagyşlanýar

Hususy işewürleriň rowaç tutumlary

Telekeçilige giň ýol! Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagy, ykdysadyýetiň okgunly ösmegine önjeýli goşant goşýan hususy düzümleriň işini döwrebaplaşdyrmak babatdaky tagallalaryň hemişe artdyryljakdygyny nygtaýar. Döwlet derejesinde edilýän şeýle aladalaryň oňyn netijeleri welaýatymyzyň telekeçileriniň alyp barýan köpugurly işlerinde hem aýdyň görünýär.

Azyk bolçulygyna mynasyp goşant

Aşgabatdan çykyp, gündogara tarap ýola düşeniňde, tebigatyň gözellikleri bilen sazlaşýan ir-iýmişli baglyklaryň, ekin meýdanlary, ýyladyşhana toplumlary gözüňi egleýär. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäklerinde döwrebap ýyladyşhanalaryň hatary has-da artýar. Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen şol toplumlar ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar. Şolaryň hatarynda telekeçi Azat Şyhymgulyýew tarapyndan gurnalan ýyladyşhana toplumy hem bellenilmäge mynasypdyr. Kaka etrabynyň G.Kulyýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzakmöhletleýin bölünip berlen 18 gektara barabar ýerde işjanly işewürler umumy meýdany 5 gektara barabar bolan ýyladyşhana toplumyny işe girizip, pomidor ösdürip ýetişdirmekde ilkinji üstünlikleri gazanýarlar. Bu ýerde ösdürilýän «Pink tarawatti» sortuna degişli pomidorlar dünýä bazarynda hem uly islegden peýdalanýar.

«Bäşörüm»

Ady köplere tanyş bolan bu dükan konditer sungatynyň iň oňat däplerine eýerýär we ýokary hilli, tagamly önümleri öndürýär. «Bäşörüm» konditer we çörek önümlerini hödürleýän bu dükan ilatyň ähli isleglerini göz öňünde tutup, synagdan geçen tagamlary, ajaýyp konditer önümleriň dürli görnüşlerini halka hödürleýär. Paýtagtymyzda ýerleşýän «Bäşörüm» konditer we çörek önümlerini hödürleýän dükan ýokary hilli çörek önümlerine we süýjüliklere baýdyr. Ol ýerdäki önümlerden tortlaryň (biskwit, miweli, şokolad kremli, «napoleon», «medowik» we başgalar), tozly we bally çörek kökeleriniň onlarça görnüşi, pirožnylaryň, bulkalaryň, kruassanlaryň hem-de ruletleriň onlarça görnüşlerini agzamak bolar. Şeýle hem çörek önümhanasyndan hemişe täze, gyzgyn çörekleri satyn almak bolýar.