Täze kärhana, täze önümçilik

16 Oktýabr 2024
444

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda açylyp ulanmaga berlen saglygy goraýyş maksatly täze binalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurlan, buýan kökünden derman serişdesini, ýagny glisirrizin turşusyny öndürmäge niýetlenen täze kärhananyň binalar toplumy hem bar.

Mundan iki ýyl öň hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny» hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply derman serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Karara gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, Türkmenabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» agrosenagat toplumynyň buýan köküni gaýtadan işläp, ýylda 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasyny ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak işleri meýilleşdirildi.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Merdan ORAZOW.