Hususy pudagyň batly gadamlary

18 Oktýabr 2024
458

24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakalaryň biri bolup, onuň barşynda milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagyny ösdürmek babatda-da belent wezipeler kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyz umumymilli forumda eden çykyşynda maliýe bazaryny ösdürmegiň, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagyň döwrüň talabydygyny aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň, jemi içerki önümiň öndürilişiniň durnukly ösüş depgini saklanyp gelýär. Diýarymyzyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynda hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda giň gerimli işler alnyp barlyp, şu ýylyň dowamynda dürli maksatly binalardyr desgalaryň ençemesiniň açylyp ulanmaga berlendigini nygtamak gerek. Olaryň gurluşygynda hususy düzümler aýratyn işjeňlik görkezdiler. Şu ýylyň geçen dokuz aýynda welaýatyň çäginde hususy ulgamyň wekilleri tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynyň has köp gurlandygyny-da aýratyn bellemeli. Has takygy, şu ýylyň geçen döwründe welaýatda «Çemenli daglar» hususy kärhanasy tarapyndan 4 sany 4 gatly, 16 öýli, «Derkar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bolsa 4 sany 4 gatly, 4, 16, 24 we 36 öýli ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi. Bu döwürde «Nurly badalga» hususy kärhanasy 1 sany 4 gatly, 16 öýli, «Ak bagt» hususy kärhanasy bolsa 3 sany 4 gatly, her biri 16 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurdy.

Maksud TÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.