«Ak pamygyň» täze üstünlikleri
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda hem önüm öndürmekde ýokary görkezijiler gazanylýar. Döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde her ýyly üstünlikli jemleýän senagat kärhanalarynyň arasynda Türkmenabat şäherindäki «Ak pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabrik hem bar. Şu ýyl işläp başlanyna 15 ýyl dolýan bu fabrikde ýurdumyzyň ýüplük egriji fabrikleriniň önümleri gaýtadan işlenilip we arassalanylyp, gaýry zatlarda ulanmak üçin niýetlenilen pamyk hem-de lukmançylyk pamygy öndürilýär. Bu ugurda baý tejribe toplan Çary Abdullaýew kärhana ýolbaşçylyk edýär. Bu ýerde öndürilýän önümleriň hil derejesiniň dünýä ülňülerine doly laýyk gelmegi önümlere bolan islegleri has-da güýçlendirýär. Häzirki wagtda «Ak pamyk» haryt nyşanly milli önümlerimiz, esasan-da, lukmançylyk pamygy içerki bazarlar bir hatarda Azerbaýjan, Türkiýe, Belgiýa ýaly ýurtlara-da eksport edilýär. Bu bolsa fabrigiň agzybir işgärleriniň jogapkärçiligini has hem artdyryp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.