Telekeçilik işiniň kanunçylygy

23 Mart 2023
1330

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ykdysady taýdan ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Şu nukdaýnazardan, Esasy Kanunymyza jemgyýetiň ykdysady esaslaryny düzgünleşdirýän täze bir bölümiň girizilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy.

Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmegiň kämil hukuk binýadynyň emele getirilmegi döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Şundan ugur alnyp, konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», «Eýeçilik hakynda», «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Kärende hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda» (rejelenen görnüşi) we beýleki Kanunlar gürrüňi edilýän möhüm ulgamyň depginli ösüşiniň hukuk binýady bolup çykyş edýär.

Baýram ŞÜKÜROW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Ak bugdaý etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy, 2-nji derejeli ýurist.