Türkmenistanda telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň ornunyň berkidilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi hem ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiligini goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, türkmen telekeçileriniň gazanan üstünliklerini açyp görkezmäge ähmiýetli çäredir.
Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklary ýörelgeleri esasynda guraýan ýurdumyzda häzirki wagtda halk hojalygynyň bu ulgamyny netijeli we okgunly ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçiligiň hukuk esaslarynyň, salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginde, ýer böleklerini bermegiň tertibiniň ýeňilleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlary bermekde hem-de telekeçiler üçin karz, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmek işiniň aňsatlaşdyrylmagynda öz beýanyny tapýar. Bu çäreler kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar döwür üçin Döwlet maksatnamasy bilen baglylykda amala aşyrylýar. Şol maksatnama Türkmenistanda telekeçilik işini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.