HABARLAR

Önümçilikde — täze önümler

Marynyň öňki gön zawodynyň binýadynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredilen «Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň iş tejribesi ýurdumyzda önümçilik kärhanalaryny hususylaşdyrmaklyga alnan ugruň bähbitlerini aýdyň görkezýär. Paýdarlar jemgyýeti döredilmänkä, bu könelişen önümçilikde 100 çemesi adam zähmet çeken bolsa, häzir işgärler birnäçe esse artdy. Öndürilýän önümleriň görnüşleri we möçberi üznüksiz artyp, hili barha ýokarlanýar. 2020-nji ýylda döredilen bu paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjylary Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we «Röwşen aýakgaplary» hususy kärhanasynyň ilkinji günlerden kärhananyň durkuny täzelemäge, önümçiligi giňeltmäge, önümleriň görnüşlerini artdyrmaga we hilini gowulandyrmaga ugur almaklary oňat netije berdi. Üç ýylyň dowamynda kärhananyň çägi uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Önümçiligi dowam etdirmek we giňeltmek bilen bir wagtda dolandyryş, önümçilik hem-de hyzmat ediş binalarynyň hemmesiniň durky täzelenýär, abatlanýar, rejelenýär. Könelişen enjamlaryň abatlanmagynyň we çalşyrylmagynyň hasabyna, kärhananyň esasy önümçilik ugry — gön önümlerini öndürmek boýunça iş orunlarynyň sany artdyryldy. Eýeçiligiň täze görnüşinde işlene

Diýarymyzyň bazarlarynda möwsümleýin önümleriň bolçulygy üpjün edilýär

Tomus paslynyň gelmegi bilen, bereketli bazarlarymyzyň gözüňi dokundyryjy görnüşi, möwsümleýin önümleriň bolçulygy göwnüňi galkyndyrýar. Bu görnüşleri synlanyňda, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň çalt depginler bilen ösýän, milli ykdysadyýetimiziň özgerişliklerini şöhlelendirýän pudaklaryň hatarynda uly üstünlikler gazanylýandygy guwandyrýar. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň bazarlarynda haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagy bolsa, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, söwda toplumynyň ösdürilmeginde telekeçilik pudagyna aýratyn orun degişlidir. Şunda ýaşlary telekeçilige çekmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.

Hususy işewürlik sazlaşykly ösdürilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, maliýe-ykdysady we durmuş şertleri döredildi. Hormatly Arkadagymyzyň asylly işlerini dowam edýän Arkadagly Serdarymyz telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Döwletimiz tarapyndan senagatçylar we hususy telekeçiler üçin ýeňillikli karzlar, oňaýly salgyt ulgamy ýaly amatly şertler üpjün edilýär. Şeýle çäreleriň netijesinde milli öndürijilerimiz onçakly uzak bolmadyk döwürde ýokary hilli önümler bilen içerki bazary üpjün etmekde hem-de daşary ýurtlara çykarmakda nusgalyk işleri bitirdiler. Türkmen telekeçileri häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalara, şol sanda paýtagtymyzdaky iri söwda merkezleriniň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, Arkadag şäheriniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, şeýle hem ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki durmuş-medeni maksatly beýleki desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýar.

«Sa­pa­ly ja­ýyň» hy­ry­dar­ly ha­ryt­la­ry

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen, hususy pudagyň mundan beýläk-de döwre laýyk ösdürilmegi üçin giň ýol açyldy. Hormatly Prezidentimiz: «Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm orun degişlidir» diýip jaýdar belleýär. «Sapaly jaý» hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri dogrusynda kärhananyň önümçilik sehiniň müdiri Aziz Gabibow bilen guran söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik. — Aziz, söhbedimiziň başyny «Sapaly jaý» hususy kärhanasynyň telekeçilik işine girişmegi baradaky gürrüňlerden hem-de bu ugra ädilen ilkinji ädimlerden başlaýalyň!

Türkmen işewürleriniň kuwwatly önümçiligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen işewürleri täze zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Çünki milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek, işewürleriň her bir başlangyçlaryny goldamak hem-de döwrebap işewürlik düzümini kemala getirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda hususy ulgam ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bazar ulgamynyň döredilmeginiň möhüm bölegi bolan hususy işewürligiň ösdürilmegine uly ýardam berýär. Olaryň innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge gatnaşyklaryny goldaýar. Türkmen işewürlerine goldaw berilmegi we ynam bildirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň bazarlarynda harytlaryň bolçulygyny döredýärler. Milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň günsaýyn gowulanmagyna oňyn täsir edýär.

«Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň önümleri Hytaýyň bazarynda satuwa çykarylar

18-20-nji maý­da «Al­tyn Ýu­nus» hu­su­sy kär­ha­na­sy Şan­haý­da ge­çi­ri­len azyk önüm­le­riň we iç­gi­le­riň «SI­AL Chi­na» at­ly hal­ka­ra ser­gi­si­ne gat­naş­dy. Ýa­kyn wagt­da «Al­tyn Ýu­nus» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň önüm­le­ri Hy­ta­ýyň ba­za­rla­ryn­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. Kär­ha­na «SI­AL Chi­na» at­ly hal­ka­ra ser­gi­sin­de bir­nä­çe ýer­li dist­rib­ýu­tor­lar bi­len şert­na­ma­la­ry bag­laş­dy.

Ara­lyk ekin — goş­ma­ça gir­de­ji çeş­me­si

Döw­let­gel­di BAL­LY­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň hal­ka­ra hu­su­sy hu­ku­gy ug­ru­nyň ma­gist­ran­ty, te­le­ke­çi. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar ba­bat­da, şol san­da oba ho­ja­ly­gyn­da hem uly öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da bu pu­da­gy döw­re­bap­laş­dyr­mak, ýer eýe­le­ri­niň tej­ri­be­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, önüm­çi­li­giň tä­ze­çil usul­la­ry­ny or­naş­dyr­mak ar­ka­ly, ön­dü­ril­ýän oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň muk­da­ry­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Datly önümlere isleg uly

Telekeçiligi ösdürmek we goldamak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwletimiz tarapyndan yzygiderli berilýän goldawlaryň netijesinde telekeçilerimiziň öndürýän harytlary diňe bir içerki bazarlary üpjün etmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurduna hem eksport edilýär. «Ak gar» hususy kärhanasynda alnyp barylýan işler hem munuň aýdyň mysalydyr. «Ak gar» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Senagat toplumynda ýerleşýär. Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrylan önümhanada 100-e golaý hünärmen zähmet çekýär. Hususy kärhanada 2011-nji ýylda diňe gandyň sanaýmaly görnüşiniň önümçiligi ýola goýlan bolsa, bu günki gün onuň 12 görnüşi bilen bir hatarda «Ak gar» haryt nyşanly Gündogar süýjüleriniň 6 görnüşi öndürilýär. Kärhanada şeýle hem 15 görnüşli gaty karamel, 10 görnüşli huruşsyz taýajyk şekilli süýji, 5 görnüşli taýajykly karamel, 12 görnüşli huruşly, çeýnelýän süýji öndürilýär. Nabat, konditer önümçiliginde giňden ulanylýan hamyr gabartmasy, şeker, kakao tozlarydyr wanilli şeker, ýokary hilli limon turşusy, iýmit sodasy, duzlanan pissedir arahisler hem öndürilip, ilata ýetirilýär. Şeýlelikde, hususy kärhananyň häzirki wagtda aýlyk kuwwaty 350 tonna,

Täsin sungatyň ussady

Sungatyň jadyly dünýäsine aralaşsaň, onuň örän täsin, biri-birini gaýtalamaýan görnüşlerine-de gabat gelýärsiň. Senemiň taýýarlaýan milli lybaslary hem sungatyň üýtgeşik görnüşleriniň biri. Ýörite keşplere (manikenlere) geýdirilen ol lybaslary uzakdan göreniňde, ýüpek sapaklar bilen elde keşdelenendir diýýärsiň. Golaýdan synlasaň bolsa, onuň düýbünden başgaçadygyna göz ýetirýärsiň. Mary welaýatynyň Türkmengala etrap häkiminiň orunbasary Gülbahar Nurýagdyýewa Senemiň öwgüsini ýetirende, onuň reňkler bilen işleşýändigini aýdanam bolsa, inçelik bilen nagyşlanan lybaslary görenimizde, olaryň galamlar (kistler) bilen ýerine ýetirilendigine birbada ynanyp bilmedik. Senem Berdiýewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy. Häzirki wagtda etrabyň 2-nji orta mekdebinde surat mugallymy bolup işleýär, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty. Senemiň çagalygyndan surat çekmäge höwesli bolmagy tötänden däl. Onuň ýüreginde bu sungata söýginiň döremegine kakasy, etrapda belli suratçy Sapargeldi Dolyýew sebäp bolýar. Kakasy sähra çykyp, türkmen tebigatynyň ajaýyplyklaryny ak kagyzyň ýüzüne jäheklän pursatlary, kiçijik Senemem onuň gapdalynda oturyp, meýdan gülleriniň, guşlaryň suratyny çekerdi. Howlularynda ösüp oturan nar agajy miwe getirende, ş

«Al­tyn dam­ja» agyz suw kär­ha­na­sy­nyň önüm­çi­li­gi art­ýar

Mi­we şi­re­le­ri, adat­ça, ys­sy ho­wa­da teş­ne­li­gi­ňi gan­dyrma­sa-­da, ta­gam­la­ryň ýa­ny bi­len içmä­ge örän lez­zet­li­dir. Gök we mi­we önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­niň art­ma­gy, mi­we şi­re­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ne-de öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Pas­la gö­rä her möw­süm­de ýe­tiş­ýän mi­we­le­riň gör­nüşle­ri üýt­ge­ýär. Özü­niň dö­re­ýiş ta­ry­hy­ny Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­dan alyp gaýdýan «Al­tyn dam­ja» agyz suw kär­ha­na­sy hä­zir­ki wagt­da önüm­le­riň en­çe­me gör­nü­şi­ni ön­dü­rip, ha­ryt­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil­li­li­gi bi­len ilat ara­syn­da uly ab­ra­ýa eýe bo­lup gel­ýär. Kär­ha­na­nyň dö­re­di­len wag­ty di­ňe gaz­lan­dy­ry­lan mi­ne­ral su­w hem-de gaz­syz agyz su­wu­ny ön­dür­mek ýo­la go­ýul­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ba­zar bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek, bäs­deş­li­ge ukyp­ly ha­ryt­la­ry ön­dür­mek ba­ra­da­ky ta­gal­la­la­ryn­dan, şeý­le-de önüm ön­dür­mek üçin dö­re­dip ber­ýän müm­kin­çi­lik­le­rin­den ugur alyp, «Al­tyn dam­ja» agyz suw kär­ha­na­sy soň­ky ýyl­lar­da öz işi­ni kä­mil­leş­di­rip, önüm­le­ri­niň