Datly önümlere isleg uly

27 Maý 2023
1421

Telekeçiligi ösdürmek we goldamak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwletimiz tarapyndan yzygiderli berilýän goldawlaryň netijesinde telekeçilerimiziň öndürýän harytlary diňe bir içerki bazarlary üpjün etmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurduna hem eksport edilýär. «Ak gar» hususy kärhanasynda alnyp barylýan işler hem munuň aýdyň mysalydyr.

«Ak gar» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Senagat toplumynda ýerleşýär. Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrylan önümhanada 100-e golaý hünärmen zähmet çekýär. Hususy kärhanada 2011-nji ýylda diňe gandyň sanaýmaly görnüşiniň önümçiligi ýola goýlan bolsa, bu günki gün onuň 12 görnüşi bilen bir hatarda «Ak gar» haryt nyşanly Gündogar süýjüleriniň 6 görnüşi öndürilýär. Kärhanada şeýle hem 15 görnüşli gaty karamel, 10 görnüşli huruşsyz taýajyk şekilli süýji, 5 görnüşli taýajykly karamel, 12 görnüşli huruşly, çeýnelýän süýji öndürilýär. Nabat, konditer önümçiliginde giňden ulanylýan hamyr gabartmasy, şeker, kakao tozlarydyr wanilli şeker, ýokary hilli limon turşusy, iýmit sodasy, duzlanan pissedir arahisler hem öndürilip, ilata ýetirilýär. Şeýlelikde, hususy kärhananyň häzirki wagtda aýlyk kuwwaty 350 tonna, ýyllyk kuwwaty bolsa 4200 tonna ýetdi. «Maryşeker» kärhanasy «Ak gary» çig mal bilen üpjün edýän kärhanalaryň biridir.

Batyr KULIÝEW.
«Türkmenistan».