«Al­tyn dam­ja» agyz suw kär­ha­na­sy­nyň önüm­çi­li­gi art­ýar

21 Maý 2023
1473

Mi­we şi­re­le­ri, adat­ça, ys­sy ho­wa­da teş­ne­li­gi­ňi gan­dyrma­sa-­da, ta­gam­la­ryň ýa­ny bi­len içmä­ge örän lez­zet­li­dir. Gök we mi­we önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­niň art­ma­gy, mi­we şi­re­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ne-de öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Pas­la gö­rä her möw­süm­de ýe­tiş­ýän mi­we­le­riň gör­nüşle­ri üýt­ge­ýär. Özü­niň dö­re­ýiş ta­ry­hy­ny Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­dan alyp gaýdýan «Al­tyn dam­ja» agyz suw kär­ha­na­sy hä­zir­ki wagt­da önüm­le­riň en­çe­me gör­nü­şi­ni ön­dü­rip, ha­ryt­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil­li­li­gi bi­len ilat ara­syn­da uly ab­ra­ýa eýe bo­lup gel­ýär. Kär­ha­na­nyň dö­re­di­len wag­ty di­ňe gaz­lan­dy­ry­lan mi­ne­ral su­w hem-de gaz­syz agyz su­wu­ny ön­dür­mek ýo­la go­ýul­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ba­zar bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek, bäs­deş­li­ge ukyp­ly ha­ryt­la­ry ön­dür­mek ba­ra­da­ky ta­gal­la­la­ryn­dan, şeý­le-de önüm ön­dür­mek üçin dö­re­dip ber­ýän müm­kin­çi­lik­le­rin­den ugur alyp, «Al­tyn dam­ja» agyz suw kär­ha­na­sy soň­ky ýyl­lar­da öz işi­ni kä­mil­leş­di­rip, önüm­le­ri­niň sa­ny­ny, gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­ma­ga, hi­li­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga baş­la­dy.

Bu kär­ha­na­da mi­we şer­bet­li iç­gi­le­riň, gaz­lan­dy­ry­lan iç­gi­le­riň, so­wuk çaý hem-de ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen mi­we­li iç­gi­le­riň bir­nä­çe gör­nüşi ön­dü­rilýär. Iç­gi­le­riň Go­tu­ra­ta ýe­ras­ty te­bi­gy suw çeş­me­sin­den taý­ýar­lan­ma­gy bol­sa, önüm­le­riň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, ta­gamy­nyň dat­ly bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.

Meýlis GARADURDYÝEW,
Türk­menistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.