HABARLAR

Ähli gowy zatlar — çagalara!

Çaga eşikleri satylýan dükanyň içinde eneli-agtyk başagaýdy. Ene agtyjagynyň saýlap tutan köýneginiň o ýan, bu ýanyna bakyp, kän eglendi. Muňa takady ýetmedik gyzjagaz: «Ene, geýip göräýeýin-le!» diýip, özelendi. Geýim geýilýän otagdan çykanda begenjinden ýaňa uçaýjak bolýan gyzjagaz täze köýneginde «pyr-pyr» pyrlanýardy. Köýnek oňa laýykdy. Özem şeýle bir gelişýärdi. Ene muňa guwanmak guwandy. Eneli-agtyk hoş bolup dükandan çykdylar. Bu ýakymly pursady synlap durşuma öz ýanymdan «Täze zady çaga geýdiräýseň» diýdim. Gyzjagazyň täze köýnek geýendäki begenjini hiç bir şatlyk bilen çalşyp bolmasa gerek. «Ähli gowy zatlar—çagalara!» ýörelgesinden ugur alynýan, çagalaryň sagdyn bedenli, belent ruhly kemala gelmekleri, döwrebap bilim we terbiýe almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri ugrunda bimöçber aladalar edilýän eziz Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdy hökmünde dünýä tanalýar. Çaga eşikleridir oýnawaçlar satylýan dükanlara barsaň, haryt bolçulygyndan gözüň dokunýar. Toý-baýramlarda, medeni-dynç alyş seýilgählerinde owadan geýnüwli şadyýan oglan-gyzjagazlary göreniňde bolsa, göwnüň göterilýär.

Haryt bolçulygy berkidilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygy bilen baglanyşykly wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň üçin öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan önümçilige maýa goýumlaryny goýmak bilen birlikde, emele gelýän bazar şertlerine çalt uýgunlaşyp, oňa mynasyp jogap berilýär. Şunda täze pudaklarda alnyp barylýan netijeli işlere-de aýratyn orun degişlidir. Türkmen telekeçileri tarapyndan alnyp barylýan şeýle işler öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga, olaryň hilini ýokarlandyrmaga hem-de nyrh elýeterliligini üpjün etmäge, ýurdumyzyň işjeň kuwwaty bolan ýaşlar üçin täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow telekeçilere goldaw bermek, kiçi we orta işewürligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bazar gatnaşyklaryna geçmek, importyň ornuny tutýan eksportyň möçberini artdyrmak hem-de daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ýaly ýörelgeleri ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly ösmeginiň esasy şertleri hökmünde görkezýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda maldarçylyk we

Hyzmatdaşlyk — bähbitdeşlik

Oba hojalygy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň iň esasy pudaklarynyň biridir. Çünki ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek XXI asyrda umumadamzat ähmiýetli meselä öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda hem halkymyzy ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek wezipesine uly ähmiýet berlip, obasenagat toplumynda belent sepgitlere ýetilýär. Ylmyň iň täze gazananlaryna daýanyp, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tejribesini ornaşdyrmak ýurdumyzda obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipelerdir. Ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, döwletimiz tarapyndan hususyýetçi daýhanlar üçin ýeňillikli şertlerde dünýäniň belli kompaniýalaryndan dürli görnüşli tehnikalar hem-de gurallar yzygiderli satyn alynýar. Soňky ýyllarda ýurdumyza Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «John Deere» hem-de Germaniýanyň «CLAAS» kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň, däne hem-de pagta ýygýan kombaýnlarynyň uly tapgyrlary gelip gowuşdy. Ýokary öndürijilikli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň sanynyň we görnüşleriniň artm

Telekeçilik ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň gerimli özgertmelerinde hususy pudagyň goşandy bimöçberdir. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna geçmekde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, ykdysadyýetde döwlete dahylsyz pudagyň paýy barha artýar. Anyk mümkinçiliklere, ylmy esaslandyrmalara daýanýan bu wezipeleri durmuşa geçirmegiň barşynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli köp sanly kiçi we iri senagat kärhanalary döredilýär. Döwlet derejesinde berilýän goldaw-hemaýatlaryň netijesinde welaýatymyzda hem hususy ulgama degişli kärhanalaryň birnäçesi öz işini üstünlikli ýola goýmagy başardy. Gurluşyk pudagyna degişli dürli önümleri öndürýän Türkmenbaşy etrabyndaky «Akgaýa» hojalyk jemgyýetini, Balkanabat şäherindäki «Giň dere», «Zürýada hyzmat» hususy kärhanalaryny şeýle kärhanalaryň hatarynda görkezmek bolar. Bu kärhanalaryň öndürýän dürli görnüşli gurluşyk önümleri sarp edijileriň arasynda durnukly artýan isleglerden peýdalanýar.

Garagumuň jümmüşindäki bag

Öňküleriň aýdyp geçmedik zady ýok. Öňden gelýän halk pähimleri, nakyllardyr atalar sözleri ýüregiňe jüňk bolaýýar. Şol dürdäne pähimleriň biri-de, «Owal akan ýerden akarmyş aryk» sözi. Biziň gürrüňini etjek bolýan daýhan hojalygymyzyň miweli baglarynyň ýerleşýän ýerinde-de öň oturymly ilat mesgen tutupdyr. Aýtmadyk bolsalar dagy, «Akyp ýatan ymgyr çägede-de miweli bag bolarmy?» diýjegiň gümansyz. Ýogsa-da, çäge, çöl diýlende, selinli, sazakly, gandymly, çerkezli alaňlardan başga zady göz öňüňe getirjekmi diýsene?! Emma beýle däl eken. «Gülzemin» daýhan hojalygy 200 gektara uzap gidýän öňki çöllük meýdanda dürli miweli baglary ýetişdirip, hasyl baryny ýygyp ýör. «Adam eli — gyzyl gül» diýleni. Diýmek, bu-da adam eli bilen dörän gudrat bolmaly. Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolundan ýöreseňiz, sag egniňizde «Täze eýýam» diýlen ýazga gözüňiz düşer. Şondan göni günbatarlygyna tarap gidibermeli. Öňüňizde «Ýandaklyagyz» diýlen öňden oturymly oba bar. Şol obanyň deňine ýetensoň, çep tarapa öwrülip gidersiňiz welin, gowaçaly pellerden, öri meýdanlaryndan, pirli-keramatly mukaddes ýerlerden soň, çägelik başlanýar. Ýolbeledimiz, «Gülzemin» daýhan hojalygynyň hünärmeni Babamyrat Baýarow alaňlygy görkezip: «Biziň

Gözel kenaryň döwrebap söwda merkezi

Hazaryň türkmen bölegi sagaldyş-dynç alyş we ekologik syýahatçylygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup durýar. Häzirki wagtda syýahatçylyk Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň wajyp ugurlarynyň biri bolmak bilen, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk hem ösmegine ýardam edýär. Ýeri gelende bellesek, 2009-njy ýylyň iýunynda Hazar deňziniň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze binalaryň açylyş dabarasy boldy. Bu bolsa Awazanyň täze taryhyny açyp, ýurduň ilatynyň ýaşaýşy üçin zerur bolan şertler bilen doly üpjün edilýändiginiň aýdyň görkezijisine öwrüldi.

«Aýly ýaz» tebigatdan ylham alýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde döwletimiz tarapyndan hususy pudagy ösdürmäge uly goldaw berilýär, telekeçiler üçin giň mümkinçilikler, ýeňillikler döredilýär. Golaýda Daşoguz welaýatynda iş sapary bilen bolup, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň biri bolan «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýetiniň işi bilen ýakyndan tanyşdyk. Ekologiýa taýdan arassa we ter önümlerden gaplanan azyk harytlaryny taýýarlaýan «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýeti «TERi» hem-de «Aýly sähra» haryt nyşany bilen duzlanan gök-bakja önümleriniň, miwe şerbetleriniň we mürepbeleriň jemi 50-ä golaý görnüşini öndürip, halkymyza hödürleýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Aýly ýaz» hojalyk jemgyýeti 2014-nji ýylda esaslandyryldy. Hojalyk jemgyýeti Daşoguz şäherindäki pomidor goýutmasyny öndürýän zawodyň durkuny täzeläp, bu ýerde dürli görnüşli gaplama önümleri taýýarlaýan döwrebap önümçilik toplumyny döretdi. Munuň özi ýurdumyzda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary üstünlikli hususylaşdyrmagyň mysallarynyň biridir.

Halkyň islegli önümleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan telekeçiligi ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigine bazar bolçulygynyň, önümleriň görnüşleriniň köpdürlüliginiň we nyrhlarynyň elýeterdiginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

«Ak altynyň» islegli ýüplügi

Daşoguzyň pagta egriji fabriginiň işçi-hünärmenleri milli Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp toý sowgady bilen garşy almak ugrunda netijeli zähmet çekýärler. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu kärhanada ýylda 16,6 müň tonna pagta süýümi gaýtadan işlenilýär we 14,5 müň tonna ýokary hilli ýüplük öndürilýär. Häzirki bazar şertlerinde ykdysady ýörelgeleriň netijeli peýdalanylmagy, işleriň göwnejaý guralmagy, innowasion tehnologiýalaryň ygtybarly ulanylmagy esasynda fabrik boýunça şu ýylyň ýedi aýynda önümçiligiň möçberi artyp, meýilnama 100,6 göterim berjaý edildi. Welaýat merkeziniň günbatar künjegini aralap geçýän uly ýoluň ugrunda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen iri senagat kärhanalarynyň uly toplumy ýerleşýär. Ýurdumyzyň dokma senagatynyň iri düzüm böleginiň biri bolan döwrebap fabrigiň ak lybasa beslenen belent başly binasy bu topluma aýratyn görk berýär. Bu kärhana gysga döwrüň içinde önümçiligiň möçberiniň yzygiderli ösýän, ýokary hil derejesiniň pugta üpjün edilýän nusgalyk merkezine öwrüldi. Häzirki wagtda bu ýerde öndürilen dürli möçberdäki «ring» kysymly sap arassa ýüplükler dünýä ýüzünde ýokary islegden peýda

Döwrebap kärhananyň täze önümleri

Tomsuň soňky aýynda okuw esbaplary we lybaslary ýurdumyzyň bazarlarynyň iň geçginli harytlaryna öwrülýär. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralýan mekdep bazarlarynda ýerli kärhanalaryň önümleriniň alyjylara hödürlenýändigi aýratyn begendirýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Aýhan Rejepowanyň «Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhanasynda mekdep okuwçylary we talyplar üçin niýetlenen ýantorbalary öndürmekde ýeterlik tejribe toplanylyp, ýakynda nusgawy aýakgaplaryň önümçiligi hem ýola goýuldy. Mary şäherinde ýerleşýän döwrebap kärhanada edara binasynyň we önümçilik bölümleriniň bir ýerde ýerleşmegi işleriň sazlaşykly alnyp barylmagyna ýardam berýär. Bu ýerde hünärmenleriň işleýän otaglary, önümçilik sehleri, çig mal we taýýar önümleri saklanýan ammarlar, hil barlaghanasy, işgärleriň naharlanmagy we dynç almagy üçin niýetlenen ýörite ýerler göz öňünde tutulandyr. Önümçilik kuwwaty ýylda 20,5 million jübüt aýakgap öndürmäge niýetlenilen kärhana 14 bölümden ybarat bolup, Türkiýäniň we Hytaý Halk Respublikasynyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy önümçiligiň ösüş depgininiň ýyl-ýyldan ýokarlanmagyny şertlendirýä