Alyjylaryň göwni hoşal

10 Awgust 2023
1298

Ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de bol­şy ýa­ly, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da hem 2023-2024-nji tä­ze okuw ýy­ly­na giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Yn­ha, aw­gust aýy­nyň ba­şyn­dan we­la­ýa­tyň äh­li et­rap­dyr şä­her mer­kez­le­rin­de ýö­ri­te mek­dep ba­zar­la­ry iş­läp baş­la­dy. Ma­ry we­la­ýat Aly­jy­lar jem­gy­ýet­le­ri bir­le­şi­gi­ne de­giş­li ba­zar­lar­da, söw­da mer­kez­le­rin­de je­mi 111 ýer­de ýö­ri­te mek­dep ba­zar­la­ry açy­lyp, hal­ka hyz­mat ed­ýär. Mek­dep ba­zar­la­ry­nyň iş­läp baş­lan gü­nün­den bä­ri söw­da-sa­tuw iş­le­ri gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär. Esa­san hem, Ma­ry we­la­ýat kö­pu­gur­ly söw­da ba­za­ryn­da, Baý­ra­ma­ly, Ma­ry şä­her­le­rin­dä­ki «Ma­ru-şa­hu-ja­han» mer­ke­zi söw­da top­lum­la­ryn­da dö­re­di­len mek­dep ba­zar­la­ryn­da sa­tuw iş­le­ri has-da giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

Mek­dep ba­zar­la­ry okuw­çy­la­ra ni­ýet­le­nen okuw es­bap­la­ry bi­len do­ly üp­jün edi­lip­dir. Bu ýer­de okuw­çy­lar üçin ýö­ri­te ni­ýet­le­ni­len egin-eşik­le­riň, aýak­gap­la­ryň, okuw­çy tor­ba­la­ry­nyň, ga­lam­dyr dür­li ýa­zuw depderleriniň we su­rat al­bom­la­ry­nyň, gün­de­lik­le­riň, dep­der hem-de ki­tap daşlyk­la­ry­nyň bir­nä­çe gör­nüş­le­ri bar. Bu ýe­re ça­ga­la­ry bi­len gel­ýän ene-ata­lar ge­rek­li mek­dep ly­bas­la­ry­dyr okuw es­bap­la­ry­ny, sport egin­baş­la­ry­ny uly hö­wes bi­len sa­tyn al­ýar­lar.

Wel­mu­ham­met GA­LAN­DA­ROW.
(Öz ha­bar­çy­myz). Su­ra­ta dü­şü­ren Şa­my­rat AMA­DOW.