Ilki bazara, soň mekdebe!

14 Awgust 2023
1270

67 sany mekdep bazary! 556 sany mekdep burçy! Bular täze okuw ýylynyň bosagasynda ýurdumyzyň gündogar sebitinde diňe welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigi tarapyndan açylan wagtlaýyn söwda nokatlary. Sebitde ýylyň bütin dowamynda mekdep lybaslaryny we harytlaryny satmaga ýöriteleşdirilen söwda nokatlarynyň sany hem ep-esli bar.

Her täze okuw ýylynyň bosagasyndaky süýji aladalar Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynda hem başlady. Aýyň ilkinji gününde açylan mekdep bazarlary we iri söwda merkezleriniň ýanyndaky mekdep burçlary ildeşlerimiziň iň köp gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.