HABARLAR

Haryt bol — alyjylar hoşal

Täze ýyly mynasyp garşy alýan günlerimizde ilaty dürli görnüşli azyk önümleri, zerur harytlar bilen üpjün etmek, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak babatda Daşoguz welaýatynda hem degişli işler alnyp barylýar. Sebitiň özüne mahsus aýratynlygyny şöhlelendirýän köpugurly söwda bazarlary şu günler ilatyň has-da gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Daşoguz şäheriniň merkezi daýhan bazarynda, «Nygmat», «Bahar» bazarlarynda binagärligiň milli däplerine hem-de dünýä ülňülerine laýyklykda gurlan, zerur enjamlar bilen üpjün edilen dükanlar baýramçylyk saçagyna bezeg berýän dürli görnüşli azyk önümleriniň we senagat harytlarynyň bolçulygy bilen göwnüňi göterýär. Ýaşaýyş-durmuş şertlerimiziň ýokarlanmagy netijesinde, adamlaryň islegleri hem artýar, şonuň bilen deň derejede söwda ulgamy, hyzmat ediş toplumy hil hem mukdar taýdan ösýär, döwrebaplaşýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat merkezinde ýerleşýän «Rysgal» toplumynda hem köp dürli azyk önümleriniň, Täze ýyl sowgatlyk harytlarynyň söwdasy giňden ýaýbaňlandyryldy.

Ýedi hazynanyň biri

Ýurdumyzyň ähli künjeginde hususy pudaga degişli guşçulyk toplumlarynyň sany barha köpelýär. Toplumlaryň hünärmenleri halkymyzy guş eti bilen bolelin üpjün etmek üçin göreldeli zähmet çekýärler. Şolaryň biri-de Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn jüýje» hojalyk jemgyýetidir. Guşçulyk toplumyna dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil, häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. Toplumda kuwwaty ýylda 5 million jüýje çykarmaga niýetlenen inkubatoryň hereket etmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Inkubatordan çykýan jüýjelere hünärmenler kadaly ideg edýärler. Et üçin niýetlenen jüýjeler 45 günde ýetişýär. Olaryň her biriniň agramy 1,5-2 kilograma ýetýär.

Baýramçylygyň belent ruhy

Balkanyň bereketli bazarlary

Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem Täze ýyly mynasyp garşylamak üçin ykjam taýýarlyk görülýär. Welaýatyň söwda nokatlarydyr ak bazarlaryndaky önümleriň hem-de sowgatlyk harytlaryň bolçulygyny göreniňde göwnüň göterilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň dükanlaryň we bazarlaryň ýokary hilli azyk önümleri we sowgatlyk harytlar bilen bolelin hem-de elýeterli bahalardan üpjün edilmegi barada beren tabşyrygynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär. Şu günlerde welaýatyň köpugurly söwda bazarlarynda azyk önümleriniň, sowgatlyk harytlaryň, Täze ýyl arçalarynyň we olaryň dürli öwüşginli bezegleriniň söwdasy barha gyzyşýar. Welaýatyň şäherleridir etrap merkezleriniň Täze ýyl arçalary bilen bezelen ajaýyp künjeklerinde, döwlet eýeçiligindäki hem-de hususy söwda nokatlarynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Balkan welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat boýunça bölümi tarapyndan giňden ýola goýlan baýramçylyk söwdalary alyjylary diýseň begendirýär.

Sazlaşykly işleriň depgini

Hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy, şeýle hem innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek maksadyndan ugur alyp, 2022-nji ýylyň 12-nji aprelinde gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşyk işlerine badalga berildi. Täze bilim ojagynyň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasyna ynanyldy. Paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugry bilen «Köşi» ýaşaýyş toplumyna golaýlasaň, sag egniňde amal edilýän düýpli gurluşyklarda nazaryň eglenýär. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda gurulýan ýokary okuw mekdebiniň binasydyr.

Şirin tagamly süýjülikler

Täze ýyla taýýarlyk görülýän şu günlerde telekeçiler has-da joşgunly zähmet çekýärler. Olar daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan harytlaryň köp görnüşini öndürýärler. «Oguzhan» haryt nyşanly şokolad önümlerini öndürýän konditer fabriginiň işçi-hünärmenleri-de Täze ýyl baýramyna ykjam taýýarlyk görýärler. Bu konditer fabrigi 1999-njy ýyldan bäri şokolad önümleriniň dürli görnüşini öndürip gelýär. Bu ýerde önümçilige Türkiýäniň, Hytaýyň iň kämil enjamlary ornaşdyrylandyr. Bu hem ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa şokoladlary öndürmäge şert döredýär. Enjamlar awtomatiki usulda işledilýär. Olara 150 hünärmen erk edýär. Hünärmenleriň aglabasynyň ýaşlardygyny aýtmak ýakymlydyr.

Şirin-şeker önümler

Ahal welaýatynyň çäginde iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleriniň täze ýylyň bosagasyndaky zähmet gadamlary has-da batlanýar. Konditer önümlerini öndürýän kärhanalaryň işçi-hünärmenleri täze görnüşli önümleri bilen ildeşlerimizi begendirmegiň aladasynda. «Ak gar» hususy kärhanasynyň bu babatdaky alyp barýan işleri-de aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, hususy pudagyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagyna saldamly goşant goşýan kärhana Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. «Ak gar» haryt nyşanly önümleri bilen uly meşhurlyga eýe bolan kärhananyň işçi-hünärmenleri Täze ýyl baýramçylygyny sowgatly garşylamak we ildeşlerimizi begendirmek maksady bilen önümleriň täze görnüşleriniň birnäçesiniň önümçiligini ýola goýdular. Olaryň arasynda daşky bezeginde Täze ýyl baýramçylygynyň öwüşginlerini özünde jemleýän konditer önümleri hem bar.

«Toyota Land Cruiser 300» tanyşdyryldy

«Toyota» kompaniýasy «Land Cruiser 300 2025» awtomobilini görkezdi. Awtomobile üç ýyldan bäri ilkinji gezek üýtgeşmeler girizildi. «Land Cruiser 300» awtomobili 2025-nji ýylyň ortasynda satuwa çykarylar diýlip çaklanylýar. Täze «Land Cruiser 300» awtomobiliniň bahasynyň 57900 amerikan dollary möç­berinde bolmagyna garaşylýar.

Hyrydarly önümler

Telekeçilige giň ýol! Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde telekeçilerimize uly orun degişlidir. Daşary ýurtlarda öndürilýän harytlaryň ornuny tutýan dürli görnüşli önümleriň öndürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şol önümleriň aglaba böleginiň daşary döwletlere eksport edilmegi bolsa milli ykdysadyýetimiziň ösmegine ýardam berýär.

Guşçulyk toplumynda işler ileri

Telekeçilige giň ýol! Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nurly meýdan» daýhan hojalygynda ýedi hazynanyň birine deňelýän guşçulygy ösdürmekde nusgalyk işler amala aşyrylýar. Bereket etrabynda ýerleşýän daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumynda döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly kämil önümçilik düzümi emele getirilipdir. Bu ýerde her ýylda 16 million ýumurtga öndürmäge niýetlenen guşçulyk toplumy, 8 müň tonna guş etini öndürýän bölüm, 12 million jüýje çykarmaga ukyply inkubator hojalygy bar.