Gyzylbaýryň zeýtunlary

28 Noýabr 2024
224

Halkymyzy ekologik taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň golaýyndaky mes toprakly ýaýladan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, zeýtun baglaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan telekeçi Ymamberdi Jepbarowyň alyp barýan asylly işleri hem döwrebaplygy, netijeliligi bilen tapawutlanýar. Häzirki günlerde bolsa bu ýerdäki bagçylyk bölüminde agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilip ýetişdirilen, tagamy we ýokumlylygy babatda esasy miweleriň hatarynda durýan zeýtunyň bol hasyly ýygnalyp, ony sebitiň ak bazarlaryna elýeterli bahadan çykarmakda depginli işler alnyp barylýar.

Her bir işi ýaşaýan ýaýlasynyň toprak-howa şertlerine görä, düýpli ylmy esasda hem-de öňdebaryjy tejribeleri içgin öwrenip alyp barmagy, beýleki ekinler bilen birlikde, miweli baglary ösdürip ýetişdirmegi maksat edinen telekeçi Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda «Gyzylbaýyr göwnüň açar...» diýlip wasp edilen bu jenneti künjekdäki zeýtun baglaryndan bol hasyl almagy başarýar. Işbaşarjaň telekeçiniň subtropik künjekdäki miweli baglarynyň tutýan meýdany 9 gektara barabardyr. Şonça meýdanyň belli bir böleginde 2016-njy ýyldan başlap ýaş nahallar oturdylyp, ese-boýa galan zeýtun agaçlarynyň umumy sany häzir 2 müň 100-e ýetýär. Telekeçi ýeriň agrotehniki mümkinçiliklerine esaslanyp, geljek ýyllarda zeýtun agaçlarynyň sanyny 3 müň 800-e ýetirmegi maksat edinýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.