Maksada okgunly hereket

25 Noýabr 2024
243

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
 — Bu gün döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri nusgalykdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda ähli ulgamlaryň hemmetaraplaýyn ösüşine giň mümkinçilikler açyldy. Diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmekde hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak babatda oňaýly şertleri döretmek hususy kärhanalaryň döwrebaplaşmagyny, olaryň innowasion işlere çekilmegini we halkara derejede tejribe alyşmaklaryny üpjün edýär.

Jemal NURYÝEWA,
«Diýar».