HABARLAR

Magtymguly — sözlär tili türkmeniň

Watan ynsan üçin iň uly gymmatlyk. Ynsan köňlüniň bezegi bolan  watansöýüjilik duýgusy bolsa ata-babalarymyzyň ýaşap öten topragyna bolan söýgüden, pederlerimizden miras galan milli ýörelgelerimize bolan belent buýsançdan, ata Watanymyzyň  Garaşsyzlygyny gözüň göreji deýin gorap saklamakdan başlanýan duýgudyr. 70-den gowrak döwlet gurup, äleme özüni ykrar etdiren türkmen halky gadym döwürlerden bäri özbaşdak döwletli bolmak arzuwy bilen ýaşapdyr. Magtymguly Pyragynyň, onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň  ýazan şygyrlary  halkyň aňynda özbaşdak, agzybir döwleti gurmak hakyndaky düşünjeleriň kemala gelmegine badalga bolupdyr. Magtymguly Pyragy mähriban pederi Döwletmämmet Azadynyň döwlet gurmak, ony kämillige ýetirmek baradaky pikirlerini ösdürip, halka düşnükli çeper dilde beýan edipdir. Onuň  «Türkmeniň» atly goşgusynda eger halk bir maksada, bir ýörelgä gulluk etse, onda şol birleşen güýjüň dag-daşlary owradyp, türkmen halkynyň şan-şöhratyny arşa göteriljekdigi beýan edilýär.

Milli buýsanjymyz

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Şöhraty dünýä dolan gadymy Merw, Köneürgenç we gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň, Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem-de häzirki wagtda bu sanawa türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy halkymyzyň milli gymmatlyklaryna goýýan uly sarpasyndan nyşandyr.

Ýürekleriň kelamy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. 2022-nji ýylyň 4—6-njy noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl  «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu halkara gurama tarapyndan türki halklaryň dost-doganlygyny berkitmek, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda köp işler ýerine ýetirildi.

Akyldara belent sarpa

11-nji oktýabrda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Ol «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň biridir. Halkara derejeli forum hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilip, oňa Eýran Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Mongoliýanyň, Gazagystan, Özbegistan,  Gyrgyz,  Täjigistan we Ermenistan Respublikalarynyň Prezidentleri, daşary döwletleriň Hökümet agzalary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, alymlar we medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Şöhrat gazanan alabaýlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary sazlaşykly ösdürilýär. Türkmen halky batyrlygyň hem-de gaýduwsyzlygyň tebigy nusgasy bolan türkmen alabaýyny eýesine wepaly, sak goragçy edip ösdürip ýetişdiripdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaý itleri özboluşly milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Alabaý güýçli, ýanbermezek hem-de wepalydyr» diýen ajaýyp setirleri ýurdumyzyň her bir bagtyýar ýaşaýjysy üçin guwandyryjydyr.

Akyldar şahyryň şygryýet mirasy

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu wakanyň şany-şöhraty Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Ynsan kalbyna şygyrlary bilen ýagşylyk, halallyk, watansöýüjilik şuglasyny çaýýan, ruhy lezzet berýän akyldar şahyrymyzyň nakyla öwrülen, öwüt-ündew berýän ajaýyp setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr. Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir. Şahyr hemişe arzuwlan berkarar döwletini gurmak üçin aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmegiň wajyplygyny döredijiliginiň üsti bilen beýan edipdir.

«Gujurly, syzgyr, wepaly»

Taryhyň dowamynda halkymyz türkmen alabaý itlerini ýetişdirmek işinde ussatlyk görkezipdir. Ony özüniň aýrylmaz hemrasy, ýakyn kömekçisi we wepaly goragçysy hasaplapdyr. Bu halkymyzyň dilinde-de öz beýanyny tapypdyr. Muňa «It gördüm — gut gördüm», «Itim — gutum», «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy» ýaly nakyllary mysal getirmek bolar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän «türkmençiligiň» batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr» diýmek bilen, bu milli gymmatlygymyza ýokary baha berýär.

Şöhraty äleme dolan

Köpasyrlyk şöhratly taryhy bolan halkymyz geçmişde umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen milli mukaddesliklerimiziň ençemesini döredipdir. Şolar dogrusynda gürrüň gozgalanda, ilki bilen, alabaýlarymyz göz öňüňde janlanýar. Akyllylygy, üşükliligi, eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýan bu itler halkymyzyň hemişelik ýoldaşyna, syrdaşyna öwrülipdir. Asyl, türkmeniň durmuşyny alabaýsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ylmy çeşmelere salgylansak, ilki eldekileşdirilen haýwanlaryň biri alabaý itleri bolupdyr. Bu wepadar jandarlaryň döreýiş taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär. Alabaýyň iň gadymy keşbini Nusaý şabadalarynyň, ýagny, ritonlaryň ýüzündäki çeper bezeglerde synlamak bolýar. Jeýhun boýlarynda-da dürli ýyllarda alabaý itleri bilen bagly tapyndylar ýüze çykaryldy. Hususan-da, geçen asyryň ahyrlarynda Amul galasynda, Kerki etrabyndaky Mürzebeggala, Saýat etrabyndaky Hazarekdepe, Dänew etrabyndaky Araphana ýadygärliklerinde ýüze çykarylan itleriň terrakota heýkeljikleri alymlarda uly gyzyklanma döredýär. Bu tapyndylar biziň eýýamymyzyň II — V asyrlaryna degişlidir diýlip çaklanylýar. Gymmatly tapyndylar häzirki wagtda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanylýar we ylmy esasda öwrenilýär. Geçirilýän ylmy barlag işleri

Sungat äleminiň ýyldyzlary

Aýdym - saza köňül beren Ýurdumyzda türkmeniň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşan adamlary hormat bilen ýatlap, olaryň bitiren hyzmatlarynyň nesilleriň aňynda ebedi galmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Milli medeniýetimiziň gülläp ösmegine saldamly goşant goşanlaryň biri-de bütin ömrüni sungata bagyş eden Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi Gurban Gummanowdyr.

Dünýäde meşhur milli gymmatlygymyz

Türkmen alabaýynyň baýramyna Merdana halkymyz her döwürde-de ýagşylyga gol beren, haýryň, hakykatyň tarapdary, agzybirligiň we abadançylygyň nuruny gursagynda göteren millet hökmünde tanalypdyr. Onuň döreden milli gymmatlyklary hem edil öz kalby ýaly päkize, sungat derejesinde kämildir. Şonuň üçin milli gymmatlyklarymyzy aýap saklamak we dünýä ýaýmak, nurana geljegimiz bolan ýaş nesillerimize miras galdyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň asylly häsiýetlerini özünde jemläp, edil adam ýaly diýdirmegi başarýan alabaýlarymyz şeýle gymmatlyklaryň biridir, taryhy mirasymyzyň bir bölegidir. «Merdana ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde bar bolan tohum itleriň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Halkymyzyň guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen alabaýlarymyz biziň buýsanjymyzdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.