Magtymguly — sözlär tili türkmeniň

24 Oktýabr 2024
352

Watan ynsan üçin iň uly gymmatlyk. Ynsan köňlüniň bezegi bolan  watansöýüjilik duýgusy bolsa ata-babalarymyzyň ýaşap öten topragyna bolan söýgüden, pederlerimizden miras galan milli ýörelgelerimize bolan belent buýsançdan, ata Watanymyzyň  Garaşsyzlygyny gözüň göreji deýin gorap saklamakdan başlanýan duýgudyr. 70-den gowrak döwlet gurup, äleme özüni ykrar etdiren türkmen halky gadym döwürlerden bäri özbaşdak döwletli bolmak arzuwy bilen ýaşapdyr. Magtymguly Pyragynyň, onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň  ýazan şygyrlary  halkyň aňynda özbaşdak, agzybir döwleti gurmak hakyndaky düşünjeleriň kemala gelmegine badalga bolupdyr.

Magtymguly Pyragy mähriban pederi Döwletmämmet Azadynyň döwlet gurmak, ony kämillige ýetirmek baradaky pikirlerini ösdürip, halka düşnükli çeper dilde beýan edipdir. Onuň  «Türkmeniň» atly goşgusynda eger halk bir maksada, bir ýörelgä gulluk etse, onda şol birleşen güýjüň dag-daşlary owradyp, türkmen halkynyň şan-şöhratyny arşa göteriljekdigi beýan edilýär.

Baýramberdi ANNABERDIÝEW,
Ahal welaýatynyň Bäherden etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.