Taryhyň dowamynda halkymyz türkmen alabaý itlerini ýetişdirmek işinde ussatlyk görkezipdir. Ony özüniň aýrylmaz hemrasy, ýakyn kömekçisi we wepaly goragçysy hasaplapdyr. Bu halkymyzyň dilinde-de öz beýanyny tapypdyr. Muňa «It gördüm — gut gördüm», «Itim — gutum», «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy» ýaly nakyllary mysal getirmek bolar.
Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän «türkmençiligiň» batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr» diýmek bilen, bu milli gymmatlygymyza ýokary baha berýär.