HABARLAR

Pursatlar

Oguljan Makyýewa 1949-njy ýylyň 24-nji fewralynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda dogulýar. Ol 1967-nji ýylda şol wagtky Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetine okuwa girýär. Talyplyk ýyllarynda çeper höwesjeňleriň toparynda, teleýaýlymlarda aýdym aýdyp, adygyp ugraýar. Ol «Saýra, dutar!», «Çalsana, bagşy!», «Näzli dildarym», «Öwezim» ýaly aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Men ýaşlykda zehinli aýdymçynyň teleýaýlymlarda goýberilýän çykyşlaryna höwes bilen tomaşa ederdim. 1975-nji ýylyň ýanwarydy. Men ol ýyllar Aşgabatda okaýardym. Dostum Meretgylyç Taganow bilen onuň gullukdaş dosty Allaberdi Makyýewiň esger salamyny gowşurmak üçin olaryň obasyna ugradyk. Sorap-idäp, öýlänler öýlerini tapdyk. Öýüň törüne gerlen halynyň ýüzünde Oguljan Makyýewanyň suraty asylgy duran eken. «Bu surat belli aýdymçynyň özümikä?» diýip pikir edip durşuma birden Oguljanyň özi geläýdi. Men höwes bilen diňleýän aýdymçymy ýakyndan görüp doňup galypdyryn. Ýaşap ýörenliginde şu ýyl 75 ýaş toýuny toýlaýmaly halypa aýdymçynyň kalbymyzyň ruhy lukmany bolan mukamlara siňen näzik sesi häzirlerem gulagymda ýaňlanyp dur.

Gadymy Änew — müňýyllyklaryň ýaňy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhyny ylmy esasda öwrenmek, ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Çünki halkymyzyň beýik taryhy, döreden nusgalyk maddy hem ruhy gymmatlyklary, ýol-ýörelgeleri şu günki nesiller üçin ruhlandyryjy güýçdür. Şeýle hem milli buýsanjy, Watan mertebesini has-da beýgeltmek, ony ösdürmek, gurmak, döretmek üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda Änew şäheriniň taryhy we onuň bilen baglanyşykly rowaýatlar aýratyn bellenmäge mynasypdyr. TÜRKSOÝ-nyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde Türkmenistanyň Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu buýsandyryjy çözgüt türkmen halkynyň geçmişde döreden baý medeni gymmatlyklarynyň bu günki günde dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň, dünýäniň abraýly guramalary bilen dost-doganlyk, medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalanýandygynyň s

Ruhy çyragyň ýalkymy

Her bir setiri akyl-paýhas ölçegine öwrülip, halkymyzyň kalbynda orun alan türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragy dürdäne parasady bilen diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň ruhy çyragyna öwrüldi. Pyragynyň arzuwlan zamanyna gowşup, şahyryň erkin, asuda, binýady berk döwleti gurmak baradaky islegleri ýurdumyzyň Konstitusiýasynda hukuk taýdan berkidildi. Onuň agzybirlik, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşamak, parahatçylygy saklamak baradaky ündewleri hem Garaşsyz ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry hökmünde Konstitusiýamyzda orun aldy. Esasy Kanunymyzyň 9-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna aýratyn üns berýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen dana şahyryň adyny ebedileşdirmek işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Magtymguly P

«Çyn güli saklasaň, müň ýylda solmaz»

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny halkyna peşgeş bermegi akyldar şahyra goýulýan sylag-sarpanyň aýdyň beýanydyr. Ol goşgyny bolsa Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň çeper elli halyçy zenanlary türkmen halysyna çitip, nesilden-nesle geçip, dowamat-dowam bolmagyny arzuw etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň şahyry sarpalaýan bu ajaýyp goşgusynyň milli mirasymyz bolan türkmen halysynda orun tutmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şahyryň özi hem «Gonmak täze ýurda ýagşy, // Haly düşek törde ýagşy» diýip, türkmen halysyna uly hormat goýan şahyr.

Wepadarlyk

Bütin ömrüni çopançylyk edip geçiren Begli babanyň hakyda horjunyny dörjeläp gürrüň beren bu wakasy mende örän uly täsir galdyrdy. Onsoň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde şany-şöhraty dünýä dolýan türkmen alabaýy bilen baglanyşykly il arasynda rowaýata öwrülip giden bu wakany söýgili gazetimiziň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildim. Begli bile önüp-ösen dosty Mergen bilen obanyň çekenesini bakýan eken. Uly obanyň mal-garasy ýetik bolansoň, iki dost agyr sürini bile örä kowup, bile-de oba dolaýar eken. Ýaşlyk ýelgini, ýigitlik heseri başyna uran iki dost her gün mal yzynda ýörüşlerine öz deň-duşlary bolan oba gyzlaryny ýeke-ýekeden ýatlap, geljekki durmuşy barada hyýal ýüwürder eken. Aý-güne gutarma ýok, wagt-warak aýlanyp, iki dost hem men diýen ýigit bolup ýetişýär. Olaryň öz nesibelisini saýlap-seçmeli wagty gelýär. Ine, şonda iki dostuň ikisi hem Aý ýüzli, serwi boýly, dili şeker, eli işli Näzik atly gyza aşykdygyny syzdyrýarlar. Begli bilen Mergeniň arasynda ýüze çykan aşyk-magşuklyk dawasyny çözmegi «Kimi saýlasa, özi saýlap-seçsin» diýen pikir bilen Näzigiň özüne goýýarlar. Näzik Beglini saýlaýar. Toý sähedi bellenilip, ýaşlar bagtly maşgala gurmagyň arzuwynda gün sanap baş

Ýüpekçilik — gadymy senet

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ýüpekçilik bilen meşgullanypdyr. Uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip gelinýän bu senet biziň ajaýyp genji-hazynamyz bolup durýar. Durmuşda ýüpek önümleriniň ähmiýeti örän uly. Il arasynda ýörgünli bolan pähimde: «Ilki ýüpek, soň ýüň behiştden çykan zatdyr» diýlişi ýaly, gadymy döwürlerden bäri gelin-gyzlarymyz ýüpege, ondan dokalan matadyr egin-eşiklere aýratyn gadyr goýupdyrlar. Ýüpekden tikilen egin-eşikler ýumşak, owadan hem-de mylaýym bolupdyr.

Haly halkymyzyň kalbydyr

Dünýäniň medeni mirasynda türkmen halysy baky gözelligiň we nepisligiň, ajaýyp bir sungatyň gaýtalanmajak nusgasy bolup orun tutýar. Haly türkmen halkynyň hiç bir halkyňka meňzemeýän gadymyýeti, unudyp bolmajak taryhydyr. Irki döwürlerde türkmen topragyna gadamy düşen meşhur syýahatçy Marko Polo öz golýazmalarynda türkmen halylarynyň dünýäde iň inçe we owadan halylardygyny belläp geçipdir. Şeýle mukaddesligi döretmegiň, ony asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirmegiň hut türkmen gelin-gyzlarynyň paýyna düşmeginiň ajaýyp manysy bardyr. Türkmen zenanlary mert, kanagatly, arly-namysly ogullaryň eneleri bolup, özleri hem gaýratlylygyň, sabyrlylygyň we päkligiň asyl nusgalarydyr. Diňe şeýle zenanlar barmaklarynyň hünäri bilen çyn gözelligi döredip bilerler. Şeýle kämilligi döredip bilýän zenanlary bolan halk beýikdir.

Gerkezdäki gymmatlyklar

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda ýerleşýän şahamçasyna baryp görenleriň kalplarynda ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalaryň, unudylmajak täsirleriň galýandygyny sözümiziň başynda nygtamak isleýäris. Şol ýerde bolanymyzda, muňa özümiz hem aňryýany bilen göz ýetirdik.

Oňurgasy odundan...

Garry atam mugallym bolup zähmet çekensoň, çaga terbiýesine uly üns berýärdi. Ol çagalaryna we agtyklaryna hem terbiýe berip, ylym-bilim bilen meşgullanmagy çagalykdan ýüregimize guýan ynsandy. Şonuň üçin ylym-bilim bilen meşgullanmagyma garry atam Geldi mugallymyň siňdiren yhlasy has uly. Ol çaga wagtymyz daşyna üýşürip, halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan matallary aýdyp, çagalykdan pikirlenmek ukybymyzy baýlaşdyrmagymyza ýardam ederdi. Garry atam bir gün: «Oňurgasy odundan, her kim içer süýdünden» diýip bize bir mataly orta atdy. Eger şu matalyň jogabyny kim bilse, 1 sany towugy täze çykan jüýjeleri bilen berjekdigini aýdyp, bu gezekki söhbedi has-da gyzyklandyrdy. Biz doganlarymyz bilen her hili jogaplary berdik. Näçe synanyşsak-da, dogry jogaby tapyp bilmedik. Şonda garry atam: «Bu sowalyň jogaby guýudyr» diýdi. Soňra bize şol guýular barada gyzykly gürrüňleri berdi. Guýular halkymyzyň, ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertiniň aýrylmaz bölegidir. Olar il içinde gadymy suwaryş hem-de agyz suwy bilen üpjünçilik desgalarynyň bir görnüşi hökmünde bellidir. Tutuş çägi boýunça alnanda Jeýhun, Murgap, Tejen, Etrek ýaly ululy-kiçili derýalar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň tebigy suw üpjünçilik desgalarynyň üstüni ata-babalarymyzyň paýhasy bilen oýlanyp tapylan we ö

Gymmatly miras

Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýär. Türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň çap edilmegi bolsa, bu ýylyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz üçin mynasyp sowgat boldy. Bu gün türkmen nusgawy edebiýatynda ýazuwly edebiýatyň dilini halkyň gepleşik diline ýakynlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýaş nesillerde uly gyzyklanma döredýär. Magtymguly şahyryň täze ýygyndysynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik babatdaky pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlary saýlanyp alnandyr. Beýik şahyryň döredijiliginde watançylyk