Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýär. Türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň çap edilmegi bolsa, bu ýylyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz üçin mynasyp sowgat boldy.
Bu gün türkmen nusgawy edebiýatynda ýazuwly edebiýatyň dilini halkyň gepleşik diline ýakynlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýaş nesillerde uly gyzyklanma döredýär. Magtymguly şahyryň täze ýygyndysynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik babatdaky pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlary saýlanyp alnandyr. Beýik şahyryň döredijiliginde watançylyk temasy aýratyn orun eýeleýär. Kitapda şahyryň önüp-ösen ýeriniň tebigy gözelligini wasp edýän «Soňudagy», «Hasar dagynda», «Gürgeniň» ýaly goşgulary hem bar. Magtymgulynyň «Türkmeniň», «Türkmen binasy» ýaly şygyrlary halkyň milli buýsanjyna ylham bermek bilen, kalplarda ruhubelentligi, arzuw-umytlary oýarýar.